Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan hökümet goşunlary we “Talyban” Pakistan serhet geçelgesiniň üstünde söweşýär


Strategiki taýdan ähmiýetli Spin Boldak serhet geçelgesi Pakistanyň “Talyban” ýolbaşçylarynyň, şeýle-de jeňçi toparyň ätiýaçdaky söweşijileriniň ýerleşýän ýeridigine ynanylýan Bulujystan welaýatyna girilmegine mümkinçilik berýär.   

Owgan goşunlary Owganystanyň Spin Boldak Pakistan serhet geçelgesiniň üstünde “Talyban” jeňçilerine garşy söweşe dowam etdirýär. ABŞ güýçleriniň uruşdan ejir çeken ýurtdan 31-nji awgusta çenli doly çekilmeginiň öňüsyrasynda, jeňçileriň güýçlendiren hüjümleriniň çäginde bu serhet geçelgesini ozal basyp alandygy habar berilýär.

Spin Boldak geçelgesiniň üstündäki söweşler ýokary derejeli owgan resmisiniň Pakistany serhet ýakada jeňçileri howa ýardamy bilen üpjün etmekde aýyplaýan wagtyna gabat gelýär.

Strategiki taýdan ähmiýetli serhet geçelgesi Pakistanyň “Talyban” ýolbaşçylarynyň, şeýle-de jeňçi toparyň ätiýaçdaky söweşijileriniň ýerleşýän ýeridigine ynanylýan Bulujystan welaýatyna girilmegine mümkinçilik berýär.

Spin Boldak şäherçesiniň ýaşaýjylary serhet ýakadaky şäherçäniň esasy bazarynda aldym-berdimli söweşiň bolandygy aýdýarlar. Jeňçileriň bu şäherçäni 14-nji iýulda öz gol astyna geçirendikleri habar berilýär.

Sebitdäki AFP habarçylary gije bolan aldym-berdimli çaknyşyklardan soň, ýaralanan onlarça jeňçiniň Pakistanyň serhet ýakada ýerleşýän bir keselhanasynda saglyk bejergisini alýandyklaryny habar berdi.

Reuters özüniň sylag alan žurnalisti Daniş Syddykiniň 16-njy iýulda öldürilendigini tassyklady. Owgan komandiri onuň Spin Boldagyň esasy bazaryny yzyna almak üçin bolan söweşde “Talybanyň” ot açmagy netijesinde öldürilendigini aýtdy.

Owganystanyň wise-prezidenti Amrullah Saleh Pakistan goşunyny “belli-belli sebitlerde “Talybany” howa ýardamy bilen üpjün etmekde” aýyplady.

Saleh Twitterde Pakistanyň howa güýçleriniň Owgan goşunyna serhet ýakada “Talybana” garşy howa hüjümlerini amala aşyrmazlygy duýdurandygyny aýtdy.

Pakistan bu öňe sürmäni berk ret etdi. Pakistanyň Daşary işler ministrligi beýanat berip, “ýurduň öz goşunlaryny we ilatyny goramak üçin öz çäginde zerur çäreleri görendigini” aýtdy.

“Biz owgan hökümetiniň özygtyýarly territoriýasynda zerur çäreleri amala aşyrmak hukugyny ykrar edýäris” diýip, beýanat aýtdy.

“Owgan tarapy Pakistanyň Çaman sektorynyň garşysynda ýerleşýän owgan territoriýasynda howa operasiýalaryny amala aşyrmak niýetini Pakistana mälim etdi. Pakistan owgan hökümetiniň Owganystanyň territoriýasynda hereket etmek hukugyna oňyn jogap berdi” diýip, beýanat aýtdy.

Şeýle-de, “Talybanyň” jeňçi toparyň uzak wagtdan bäri duşmany bolan meýdan komandiri Abdul Raşid Dostumyň berkitmesine-de golaýlandygy habar berilýär.

“Talybanyň” metbugat sekretary Zabihullah Mujahid Dostumyň söweşiji güýçleriniň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk Jöwüzjan welaýatynyň paýtagty Şybyrgandan gaçandygyny hem-de jeňçileriň şäheriň derwezesini ele geçirendigini aýtdy.

Jöwüzjan welaýatynyň häkiminiň orunbasary “Talybanyň” welaýat paýtagtynyň derwezesine baryp ýetendigini tassyklady, ýöne hökümet güýçleriniň jeňçileri yza serpikdirýändigini aýtdy.

Söweşler dowam edýän mahaly, 15-nji iýulda Pakistan hepdäniň ahyrynda Owganystan boýunça ýörite konferensiýa geçirjekdigini mälim etdi, ýöne “Talyban” resmileri bu konferensiýa çagyrylmady.

Dohada birnäçe aý bäri togtadylan resmi gepleşikleriň hem täzeden janlanyp biljekdigi barada alamatlar bar.

16-njy iýulda “Talyban” özüniň 7 müň söweşijisiniň boşadylmagynyň öwezine üç aý möhlet bilen ot açyşlygy bes etmegi teklip etdi diýip, owgan hökümetiniň ylalaşyk gepleşiklerine gatnaşyjy wekili aýtdy.

“Bu uly talap” diýip, parahatçylyk gepleşiklerinde hökümetiň adyndan çykyş edýän toparyň möhüm agzasy Ahmad Nader Naderi 15-nji iýulda Kabulda geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy.

Owgan hökümeti geçen ýyl Dohada parahatçylyk gepleşiklerine başlamak üçin, 5 müňden gowrak “Talyban” tussagyny türmeden boşatdy, ýöne gepleşikler şu wagtlar syýasy netije gazanmakda şowsuz boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG