Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ goşunlaryna kömek eden owganlar üçin ewakuasiýa operasiýasy başlanýar


Farýap sebiti. "Talyban" bilen owgan güýçleriniň arasynda bolan söweşden soň, Anthoý etrabynda otlanan dükanlar. Arhiw suraty

Baýden ABŞ-nyň harby güýçleri bilen işleşen terjimeçilere we beýlekilere kömek etmek planyny düzmek babatda Kongres agzalarynyň basyşyna sezewar boldy, sebäbi ol adamlardan indiki aýda, ABŞ bu ýurtdaky goşunlaryny çykarmagy tamamlanyndan soň, “Talyban” tarapyndan gazaply ar alnar.

Birleşen Ştatlar iýul aýynyň ahyrynda 20 ýyla golaý uruş wagtynda ABŞ goşunlaryna kömek eden owganlar üçin ewakuasiýa operasiýasyna başlar, emma wiza anketalaryna seredilende ol adamlaryň näçesiniň ewakuasiýa ediljekdigi ýa-da olaryň nirä gitjekdigi belli däl.

Ak tam 14-nji iýulda Ýaranlar üçin gaçybatalga operasiýasyny yglan etdi we Owganystandan guraljak uçuşlaryň ilkinji nobatda eýýäm ABŞ-da ýaşamak üçin ýörite immigrant wizalaryny alýan adamlara elýeterli boljakdygyny aýtdy.

Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki ilkinji uçuşlarda ewakuasiýa ediljek owganlaryň sanyny ýa-da olaryň nirä äkidiljekdigini howpsuzlyk aladalary sebäpli aýdyp bilmedi.

"Biziň bu çäreleri görmegimiziň sebäbi bular batyrgaý adamlar" diýip, Psaki aýtdy. "Biz ol adamlaryň soňky birnäçe ýylda bitiren işlerini ykrar edýändigimize we ol işlere degerli baha berýändigimize göz ýetirmeklerini isleýäris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Baýden ABŞ-nyň harby güýçleri bilen işleşen terjimeçilere we beýlekilere kömek etmek planyny düzmek babatda Kongres agzalarynyň basyşyna sezewar boldy, sebäbi ol adamlardan indiki aýda, ABŞ bu ýurtdaky goşunlaryny çykarmagy tamamlanyndan soň, “Talyban” tarapyndan gazaply ar alnar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken geçen aý kongres komitetine "geçiş üçin" 18,000 töweregi arzaçynyň bardygyny aýtdy. Ol bu adamlaryň ýarysynyň ýörite immigrant wizalaryny almak prosesine işjeň gatnaşandygyny hem sözüne goşdy.

Baýden administrasiýasy arzalaryna seredilýän owganlary kabul edip biljek üçünji bir ýurt ýa-da ABŞ çägi barada häzire çenli hiç bir zat aýtmady.

Pentagonyň metbugat wekili Jon Kirbi 14-nji iýulda Pentagonyň daşary ýurtlarda “mümkin bolan”, ýöne anyk kesgitlenmedik territoriýa “kandidatlarynyň” bardygyny, ýöne bu meselede entäk gutarnykly karara gelinmändigini aýtdy.

Baýdeniň ewakuasiýa plany, umuman alnanda, nämälim bolmagynda galýar diýip, ABŞ-da müňlerçe owganlynyň ýerleşmegine kömek eden, Lýuteran immigrasiýa we bosgun gullugynyň prezidenti we baş direktory Kriş O’Mara Wignarajah aýtdy.

Alada bildirilýän meseleleriň ýene biri bolsa, bu planyň Kabulyň daşyndaky sebitlerde ýaşaýan adamlara, esasanam “Talyban” tarapyndan barha kän basylyp alynýan oba ýerlerinde ýaşaýanlaryň ewakuasiýa edilmegine nähili kömek etjekdigi bolup durýar.

"Gynansagam, kimleriň we näçe adamyň ewakuasiýa hukugynyň bardygy baradaky soraglaryň köpüsi jogapsyz galýar, paýtagtyň daşyndakylaryň howpsuzlygynyň nädip üpjün ediljegi hem uly sorag” diýip, Wignarajah AP habar gullugyna aýtdy.

Ýaranlar üçin gaçybatalga operasiýasyna gözegçilik etjek resmi Döwlet departamentiniň utgaşdyryş bölümine ýolbaşçylyk edýän Treýsi Jeýkobson Täjigistandaky, Türkmenistandaky we Kosowadaky öňki missiýalaryň başlygydyr.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, milli howpsuzlyk boýunça geňeşçi orunbasar we terrorçylyga garşy milli merkeziň öňki başlygy Russ Trawers ewakuasiýa üçin pudagara syýasaty utgaşdyrýar.

Şeýle-de, Ak tam Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Elizabet Şerwud-Randallyň ABŞ toparyna ýolbaşçylyk edip, şu hepde Özbegistanda geçiriljek howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşjakdygyny we Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylary bilen Owganystanyň howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdygyny mälim etdi.

Şu aralykda "Talybanyň" demirgazyk Owganystanda, Türkmenistan bilen serhetdäki Farýab sebitinde tabyn bolan 22 sany owgan serkerdesini atyp öldürendigi belli boldy.

Türkmenistan, adatça bolşy ýaly, Owganystandaky wakalar, hususan-da serhetdäki ýagdaýlar, şol sanda hökümetiň häzirki aladalar boýunça görýän howpsuzlyk çäreleri barada maglumat bermeýär. Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatyna görä, Aşgabatdaky hökümet tutuş ýurt boýunça ätiýaçdaky harbylary harby bölümlerine çagyryp, olara harby gulluga çagyrylmak ähtimallygyna taýýar bolmalydygyny aýtdy.

Resmi taýdan tassyklap bolmaýan maglumatlara görä, Türkmenistan gaçyp gelýän bosgunlary yzyna, Owganystana ugradýar we häzirki pursatda Guşgy tarapyna diňe harbylar goýberilýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG