Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Koronawirus möwjemeleriniň gyrasynda duran Tokioda Olimpiýa oýunlary başlanýar


Tokio. Olimpia stadiony. 2020.

Gijikdirilen Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabaralary Tokioda boş stadiona başlandy, gurnaýjylar bu çäräni COVID-19 pandemiýasynyň salan kölegesiniň aşagyndan çykarmaga umyt baglaýarlar.

Dabaralar 23-nji iýulda ýerli wagt bilen agşam sagat 8-de, 68 000 adamlyk Olimpiýa stadionynda 1000-den hem az adamyň gatnaşmagynda başlandy.

Tokioda koronawirus ýokuşmalarynyň derejesiniň ýokarlanmagyna garşy täze adatdan daşary ýagdaý yglan edilenden soň, guramaçylar iki hepde ozal tomaşaçylaryň çärelere gatnaşmagyny düýbünden gadagan etmek kararyna geldiler.

Tokio 22-nji iýulda 1,979 täze ýokuşmanyň ýüze çykarylandygyny habar berdi, bu 15-nji ýanwardan bäri wirus ýokuşmasynyň iň ýokary derejesi bolup durýar.

Olimpiýa oýunlaryna akkreditlenen 90-a golaý adamyň, şol sanda oňa gatnaşýan türgenleriň hem birnäçesi, synag edilende, pozitiw netije görkezdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG