Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary hukuk goraýjy Askarowyň ölüminiň ýyl dönüminde adalat talap edýär


Azimjan Askarow, 2017.

Birnäçe adam hukuklary guramasy žurnalist Azimjan Askarowyň tussaglykda aradan çykmagynyň ilkinji ýyl dönümine gabat gyrgyz häkimiýetlerinden adam hukuklary aktiwistiniň nähili ýagdaýda ölendigi barada "garaşsyz derňew" geçirmegini talap etdi.

Askarow 2020-nji ýylyň iýulynda, 69 ýaşynda, başda aýdylmagyna görä, dem alyş ýollarynda dörän problemalar esasynda, gyrgyz türmesinde aradan çykdy. Gyrgyz resmileri soňra onuň COVID-19 sebäpli ýogalandygyny aýtdylar.

Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch (HRW), Žurnalistleri goramak baradaky komitet, Öň hatary goraýjylar, Adam hukuklary hereketi: Bir Duino-Gyrgyzystan we Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy guramalary Gyrgyzystanyň häkimiýetleriniň Askarowyň ölümi boýunça geçiren derňewiniň, “halkara kanunçylygynyň talap edişi ýaly bolmandygyny, ne garaşsyz, ne-de bitarap bolandygyny” aýtdylar.

"Gyrgyzystanyň häkimiýetleri [Azimjan] Askarowyň ölümine sebäp bolan hukuk bozulmalaryny derňemegi başarmady” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa guramasynyň aklawçysy Filipp Dam aýtdy.

Etniki özbek bolan Askarow 2010-njy ýylda günortadaky Oş we Jelalabad şäherlerinde ýerli özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda bolup geçen ganly etniki çaknyşykda köpçülikleýin bidüzgünçilik döretmekde we polisiýa işgäriniň öldürilmegine ilteşikli bolmakda günäkärlendi.

Akkarow, onuň aklawçylary we adam hukuklary toparlary bu aýyplamany ret edip, žurnalistiň zorluga gatnaşmandygyny we bu sebitde 400-den gowrak adamyň, esasanam özbekleriň ölmegine we müňlerçe adamyň öýsüz-öwzarsyz galmagyna sebäp bolan çaknyşyklary dokumentleşdirmek üçin bolandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG