Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý gatnaşyklardaky "petikde" ABŞ-ny günäleýär


ABŞ-nyň we Hytaýyň resmileriniň arasynda gepleşigiň geçýän ýeri Tianjin Binhai 1-nji myhmanhanasy, Týanjin munisipaliteti, 26-njy iýul, 2021.
ABŞ-nyň we Hytaýyň resmileriniň arasynda gepleşigiň geçýän ýeri Tianjin Binhai 1-nji myhmanhanasy, Týanjin munisipaliteti, 26-njy iýul, 2021.

26-njy iýulda ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomatynyň Hytaýa sapary dartgynly başlandy we Waşingtonyň hem-de onuň ýaranlarynyň Pekini kiberhowpsuzlyk, tehnologiýa taýdan agalyk etmek synanyşyklardan başlap, Gonkongda we Sinszýanda adam hukuklaryna degişli bidüzgünçiliklerde aýyplamagy sebäpli gatnaşyklaryň ýaramazlaşýan wagtyna gabat geldi.

Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sie Feng 26-njy iýulda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şermana ABŞ-nyň Hytaýy “garalaýandygyny" we çemeleşmesini üýtgetmelidigini aýtdy.

Hytaý halkara tankytlaryna sezewar boldy we Sinszýan welaýatynyň demirgazyk-günbatar sebitinde syýasy terbiýeçilik üçin 1 milliondan gowrak uýgur we beýleki musulman azlyklaryny tussag edenligi üçin sanksiýalara sezewar edildi.

Hytaý şeýle lagerleriň adamlara terrorçylykdan saplanmaga kömek etmek üçin "hünär bilim merkezleridigini" öňe sürýär.

Şu aýyň başynda Waşington we onuň günbatar ýaranlary Hytaýy global haker kampaniýasynyň arkasynda durmakda aýyplady we Pekini hakerleriň pul talap etmek we beýleki kiber hüjümleri bilen baglanyşykda günäkärledi.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi Siniň Şerman bilen gepleşiklerde eden çykyşynda "Hytaýy garalamak bilen ABŞ öz problemalarynyň jogapkärçiligini nähilidir bir ýagdaýda Hytaýa ýüklejek bolmagy mümkin" -diýip, "Biz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny aşa ýalňyş pikirini we howply syýasatyny üýtgetmäge çagyrýarys" -diýip aýdandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG