Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington ABŞ bilen işleşen owganlary göçürmek boýunça täze planyny mälim edýär


ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasy, Kabul, 30-njy iýul, 2021
ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasy, Kabul, 30-njy iýul, 2021

ABŞ-nyň administrasiýasy käbir owganlary Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bosgun hökmünde göçürmek üçin täze maksatnamasyny yglan etmekçi bolýar diýip, Reuters habar gullugy administrasiýa işgärine we beýleki ygtybarly iki çeşmä salgylanyp habar berýär.

Hasabatda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürlän üç çeşmäniň habaryna görä, bosgunlar üçin ileri tutulýan iki maksatnamanyň 2-nji awgustda yglan edilmegine garaşylýar.

Reuters habar gullugy Döwlet departamentiniň düşündiriş bermek haýyşyna dessine jogap bermändir.

Bu habar "Talyban" söweşiji toparynyň Owganystanyň gitdigiçe has uly bölegini ele salmagyny dowam etdirýän, ABŞ-nyň we beýleki daşary ýurtlaryň bolsa öz güýçlerini ýurtdan çykarmagyny tamamlaýan wagtyna gabat geldi.

Prezident Jo Baýden 20 ýylyň dowamynda ABŞ bilen gatnaşygy sebäpli "Talyban" tarapyndan ar alyş howpuna sezewar bolan owganlara kömek bermek meselesinde kanun çykaryjylar we adam hukuklaryny goraýjy toparlar tarapyndan basyşa duçar boldy.

Reuters habar gullugy bilen söhbetdeş bolan administrasiýa işgäriniň sözlerine görä, täze bosgun programmasy ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän proýektlere we ABŞ-da ýerleşýän hökümete degişli bolmadyk guramalar we habar beriş serişdeleri bilen işleşýän owganlara degişli.

Şol owganlylar ABŞ-nyň hökümetinde işleýän terjimeçiler we beýleki işgärler hem-de olaryň maşgala agzalary ýaly ýörite immigrasiýa wizasyny (SIV) almak mümkinçiligine eýe bolmandy.

XS
SM
MD
LG