Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Germaniýada COVID-19 çäklendirmelerine garşy ýöriş geçirilýär


COVID-19 çäklendirmelerine garşy ýöriş, Berlin, 1-nji awgust, 2021.

Käbir demonstrasiýalaryň resmi taýdan gadagan edilendigine garamazdan, müňlerçe adam Berliniň köçelerine çykyp, Germaniýanyň hökümetiniň COVID-19 keseliniň ýaýramagynyň täzeden güýçlenmegine garşy girizen çärelerine garşylyk bildirdi.

Polisiýa 1-nji awgustda käbir demonstrantlaryň polisiýa işgärlerine "azar berendigini we hüjüm edendigini" we Germaniýanyň paýtagtynyň käbir ýerlerinde ulag hereketine päsgelçilik bermek üçin ýol böwetlerini ulanandygyny aýtdy.

Polisiýanyň metbugat sekretary 5000 demonstrantyň bolandygyny çaklady. Ol 600-den gowrak adam tussag edilendigini habar berip, olar "polisiýanyň hataryny bozup, kärdeşlerimizi çykarmaga synanyşdylar" diýdi.

"Bu güýç, taýak we fiziki zorlugyň ulanylmagyna sebäp boldy" - diýip, Berliniň polisiýasy aýtdy.

Germaniýanyň beýleki şäherlerinde-de geçirilen demonstrasiýalar, hepdäniň ahyrynda Germaniýanyň koronawirus çäklendirmelerine garşy çykyş edýän "Querdenker" hereketiniň planlaşdyran birnäçe ýygnanyşygyny gadagan eden soň ýüze çykdy.

Sud gatnaşyjylaryň infeksiýa uçran adamlaryň sanynyň köpelmegi bilen maska geýmek we sosial aralyk düzgünlerini bozmak aladalary sebäpli protest geçirmegine rugsat berip bilmejekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG