Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda subsidirlenen azyk önümleri her 10 günde bir gezek paýlanyp başlandy


Illýustrasiýa suraty

Soňky 20 günüň dowamynda paýtagt Aşgabadyň ençeme etrabynda subsidirlenen azyk önümleriniň öýlere paýlanyşy kadaly görnüşde, ýagny her 10 günde bir gezek amala aşyrylyp başlandy. Mundan öň Azatlyk Radiosy towuk eti, ýumurtga, şeker we ösümlik ýagy ýaly azyk önümleriniň ýaşaýjylara aýda bir ýa-da iki gezek paýlanýandygyny habar beripdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, şu günler azygyň kadaly paýlanýandygyna paýtagtyň 1,9,10,11-nji we 30-njy etrapçalarynda, şeýle-de Parahat 1,2,3,4,5,6 we 7 etrapçalarynda synlasa bolýar.

Subsidirlenen azyk önümleri degişlilikde bellenen günlerde etrapçalara eltilýär. Ulaglardaky işgärler azygy almana çykmadyk ýaşaýjylara jaň edip, öz azyk paýlaryny alyp gitmegi soraýarlar.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, olaryň elinde özlerine degişli etrapçalaryň ýaşaýjylarynyň sanawy bolup, olar azyk paýyny satyn alan raýatlardan şol sanawa gol çekmegi hem talap edýärler.

Bir hojalyga, köplenç adam sanyna garamazdan, iki-üç sany towuk budundan, bir litr ösümlik ýagyndan we 1 kilogram şekerden ybarat azyk paýy 55-65 manat aralygynda satylýar.

Bu puluň 18 manady ösümlik ýagy, 9 manady şeker, agramyna görä 25-35 manady towuk buduna we 3 manady ýol hyzmaty üçin alynýar. Hususy dükanlarda bir litr ösümlik ýagy 60-65 manatdan, şeker 22-26 manatdan bahalanýar.

Ýatlasak, döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän uly nobatlary aradan aýyrmak tagallalarynyň çäginde häkimiýetler maýyň başlarynda türkmen paýtagtynda subsidirlenen iýmit önümleriniň öýlere eltilip berilmegini ýola goýdy.

Häkimiýetler ilkibaşda hepdede bir gezek iýmit paýlanylmagyny ýola goýmaga synanyşdylar. Ýöne ýerli ýaşaýjylar azyk önümleriniň kadasyz paýlanýandygyny, maý we iýun aýlarynyň dowamynda paýtagtyň köp etrabynda bary-ýogy iki gezek azyk paýlanandygyny aýdypdylar.

"Öňler ulaglar anyk bir günde gelmeýärdi. Şol sebäpli öýünde bolmadyk adamlar azyk paýlaryny satyn alyp bilmeýärdiler. Şeýlelik bilen, olar azyksyz galýardy. Ýaşaýjylar indi bu ulaglaryň haýsy günlerde gelýändigini özlerine belläp goýýarlar we şol güni öýde boljak bolýarlar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Merjen diýlip tutulmagyny soran aşgabatly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Häzirki wagtda azyk paýlary ýaşaýjylaryň öýlerine eltip bermek düzgüni maý aýynda Aşgabatda we iýulyň ortalarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýola goýuldy.

Azygyň çäkli görnüşlerinden we sanyndan ybarat iýmit paýyna girýän önümler - towuk budy, ösümlik ýagy, şeker we ýumurtga - subsidirlenen bahadan satylýar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, işsizlik, hususy söwda nokatlaryndaky aşa gymmat bahalar maşgalalary subsidirlenen önümlere garaşly goýýar. Käte, bazar bahasyndaky beýleki has gymmat önümler, döwlet bahasyndaky önümleriň gapdalyndan goşulyp, ilata mejbury ýüklenýär.

"Subsidirlenen azyk önümleri güzeran eklenji barha kynlaşýan köp maşgala uly kömek bolýar. Ýöne häkimiýetleriň "bu sahylygynyň", ýagny azygyň kadaly paýlanyşynyň haçana çenli dowam etjegi belli däl" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG