Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Lebapda hassahanalar näsaglardan doly, olara diňe gartaşan raýatlar we göwreli aýallar kabul edilýär


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänler we ölýänler görnetin köpelýär. Indi bu keselçilige 20 ýaşlaryndaky raýatlaryň arasynda hem ýygy-ýygydan duş gelse bolýar. Näsaglaryň ählisine pnewmoniýa diagnozy goýulýar. Welaýatyň köp ugurly we ýokanç keseller hassahanalaryna diňe gartaşan raýatlar we göwreli aýallar kabul edilýär. Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19-yň bardygyny ykrar etmeýär.

Welaýatda wirus çalt depgin bilen ýaýraýar. Lebabyň köp ugurly we ýokanç keseller hassahanalarynda ýogalýan adamlar görnetin köpelýär. Bu barada keselhanalaryň saglyk işgärleriniň we näsaglaryň hossarlarynyň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

"Meniň test edilende pozitiw netije görkezen bir tanşym demi gysyp, agzynyň daşy gögerip ýogaldy. Onuň immunitetini galdyrjak bolup, garmon urdular. Garmon onuň şekerini galdyrdy. Munuň netijesinde, ol koma düşdi" diýip, koronawirus alamatly keselçilikden ýogalan bir näsagyň hossary anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Saglyk işgärleriniň we lebaplylaryň ençemesi agzalýan hassahanalaryň näsaglardan doludygyny, şol sebäpli olara diňe gartaşan raýatlaryň we göwreli aýallaryň kabul edilýändigini aýdýar.

"Test edilende pozitiw netije görkezen ýaş näsaglary hassahanalara kabul etmeýärler. Saglyk işgärleri olara öýden çykman, maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bejergi almagy maslahat berýärler" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Berdi diýlip tutulmagyny soran saglyk işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda diňe täsirli we uly wezipelerde işleýän tanyşlary bolan adamlara hassahanalara ýerleşip, saglyk bejergisini almak başardýar.

Hassahana kabul edilmeýän näsaglar, hususan-da 20 ýaşlaryndaky raýatlar öýkenini surata düşürip, onuň näderejede ejir çekendigini bilmäge synanyşýarlar. Ýöne raýatlar öýkenini welaýatyň diňe köp ugurly hassahanasynda surata düşürdip bilýändikleri sebäpli, olaryň bu synanyşyklary öz wagtynda başa barmaýar.

"Bu hassahanada öýkenini surata düşürtmek üçin nobata duran näsaglaryň sany gaty uly" diýip, saglyk işgäri Berdi aýtdy.

Bu aralykda, habarçymyz Türkmenabat şäherindäki 6-njy Saglyk öýünde koronawirus alamatlary bilen keselläp, test tabşyrmaga baran näsaglaryň talaplarynyň kabul edilmeýändigini aýdýar.

"Maşgala lukmanlary "test tabşyryp, wirusyň bardygyny bildirip oturma, öýüňe bar, sen ýaş, keselläp ondan açylyp gidersiň" diýýärler we ýaşlaryň aglabasyna test etmeýärler" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Gunça diýlip tutulmagyny soran lebaply ýaşlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, habarçymyz "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň içerki uçar gatnawlarynyň 50 göterim çäklendirilendigini habar berýär. Bu maglumaty ýurduň içindäki beýleki bir habarçymyz hem tassyklaýar.

Olaryň sözlerine görä, Türkmenabat-Türkmenbaşy, Daşoguz-Türkmenbaşy, Mary-Türkmenbaşy we Türkmenabat-Daşoguz uçar reýsleri 1-nji awgustdan başlap näbelli senä çenli ýatyryldy.

Şol bir wagtda, bu barada ýerli awiakompaniýanyň websaýtynda hiç hili bildiriş göze ilmeýär.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Lebabyň ýokanç keseller we köp ugurly hassahanalaryndan, 6-njy Saglyk öýünden, şeýle-de "Türkmenistan" awiakompaniýasyndan goşmaça maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistan koronawirusyň geçen ýylyň martynda global pandemiýa diýlip yglan edilmeginden bäri ýurduň çäginde bu wirusyň ýeke ýagdaýynyň hem resmi ýüze çykarylmandygyny öňe sürüp gelýär.

Ýöne häkimiýetler keseliň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini, şol sanda hereket çäklendirmelerini, maska geýmek we köpçülikde iki metr aralygy saklamak düzgünlerini iýunyň başyndan bäri gaýtadan güýçlendirýärler.

Bu güýçlendirilen çäreler, Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, gyş paslynda birneme köşeşen koronawirus alamatly keselçiligiň şu ýylyň maýynda gaýtadan möwjäp, oňa ýolugýanlaryň we ölýänleriň görnetin köpelýän mahalyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG