Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farapda we Aşgabatda wirus alamatly keselçilik bilen keselleýänler we ölýänler görnetin köpelýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda wirus alamatly keselçilikden ölýän adamlar göz-görtele köpelýär, olaryň jesetleri hossarlaryna berilmeýär. Aşgabadyň harby birikmelerinde hem, koronawirus hadysalaryna çalymdaş näsaglar görnetin artýar. Olara pnewmoniýa diagnozy goýulýar. Keselçilikden ejir çekýänler derman ýetmezçiliginden hem kösenýär. Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19-yň bardygyny ykrar etmeýärler, ýöne keseliň ýaýramagyna garşy çäklendirmeleriň gerimini güýçlendirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz dört habarçysy Lebapdan, Aşgabatdan, Marydan we Balkandan habar berýärler.

Farapdaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, etrapda "lokdawn" düzgünleri doly güýjünde hereket edýär. Adamlar doly izolýasiýa ýagdaýda saklanýar.

Munuň bilen bir wagtda, wirus alamatly keselçilikden ölýän adamlar "görnetin" köpelýär. Ölýän adamlaryň jesetleri hossarlaryna berilmän, diňe ýörite lukmanlar we harbylar tarapyndan jaýlanýar. Ölen adamlaryň hossarlary we garyndaşlary hem öý karantininde saklanýar.

"Farapda wirus ýokuşan adamlaryň sany barada maglumat ýok. Ýöne Aşgabatdan etraba gelen käbir wirusolog lukmanlar näsaglaryň 50%-den köprägine ölüm howpunyň abanýandygyny aýdýarlar" diýip, adynyň efirde üýtgedilip Dürjemal diýlip tutulmagyny soran faraply bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Bu aralykda, Aşgabadyň, Bekrewäniň, Gökdepäniň harby birikmelerinde we harby-howa güýçleri bölümlerinde koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänler hem "görnetin" köpelýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, bu ýerde keselleýän adamlar esgerlerden, ofiserlerden we şertnamalaýyn gulluk edýän ofiserlerden hem-de olaryň maşgala agzalaryndan ybarat. Olara pnewmoniýa diagnozy goýulýar.

"Bu harbylar derman ýetmezçiliginden kösenýärler. Olara şäherdäki raýat dermanhanalaryndan derman almaga rugsat berilmeýär" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşmämiz anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ene-atalar esger çagalaryna bu keseliň ýokuşmagyndan we olara talaba laýyk saglyk bejergisiniň berilmezliginden alada edýärler. Emma häzirki wagtda olara diňe pul ugratmana rugsat berlip, çagalary görkezilmeýär.

"Harby birikmelerdäki we bölümlerdäki näsaglar hem-de olaryň maşgalalary harby keselhanalarda bejergi alýarlar. Bu ýerde derman tas ýok diýen ýaly" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Şeýle-de, ol bu keselçilik hakda dil ýarmazlyk barada harby lukmanlardan, şepagat uýalaryndan we arassaçylyk işgärlerinden dil hata gol çekmek talap edilýär hem diýdi.

"Ýolbaşçylar muny ýurduň 0010 belgili kararyna laýyklykda döwlet syry hökmünde saklamaly diýdiler" diýip, çeşmämiz sözüni jemledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Farap etrap häkimliginden we Aşgabadyň agzalan harby bölümlerinden, şeýle-de saglyk müdirliklerinden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmen hökümeti global pandemiýa başlanaly bäri ýurtda ölüm howply wirusyň ýeke ýagdaýynyň bardygyny hem ykrar etmeýär.

Ýöne resmiler, ýurtda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň köpdügi baradaky habarlaryň arasynda, keseliň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini, şol sanda hereket çäklendirmelerini, maska geýmek we köpçülikde iki metr aralygy saklamak düzgünlerini güýçlendirýärler.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde karantin çäreleri sebäpli myhmanhanalaryň wagtlaýyn ýapyljakdygy barada syýahatçylara duýduryş berildi. Balkandaky habarçymyzyň sözlerine görä, myhmanhanalar 30-njy iýuldan 15-nji awgusta çenli ýapylar.

"Myhmanhanalaryň resmileri myhmanlara bu hakda habarly edilendikleri barada häzirden resminama gol çekdirýärler" diýip, efirde adynyň atlandyrylmazlygyny soran ýagdaýdan habarly bir çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, Mary şäheriniň häkimiýetleri koronawirus çäklendirmeleriniň çäginde Türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän Awtomenzilden, ýagny awtobuslaryň duralgasyndan Mary-Gres aralygyna gatnaýan awtobuslaryň hereketini ýatyrdylar.

Marydaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, 50-60 çemesi adam muňa nägilelik bildirip, 15-nji iýulda Awtomenzile üýşdi. Olar 10-njy iýuldan bäri Mary-Gres aralygyna hiç hili awtobusyň gatnamaýandygyny aýdyp, eger awtobus gatnawlary ýola goýulmasa, onda adamlaryň ählisiniň mundan beýläk iş ýerlerine gelmejekdigini duýdurdylar.

"Adamlar gatnawlar ýola goýulmasa, gaty kösenýändiklerini, alýan 900 manat çemesi aýlyklaryndan her gün 10 manady taksa bermeli bolýandyklaryny aýtdylar. Ýöne olary hiç kim diňlemedi. Olar haçanda Aşgabadyň suduna arza ýazjakdyklaryny we awtomenziliň başlygy işden gidýänçä göreşjekdiklerini aýdanda, awtomenziliň resmileri gatnawlary ýola goýjakdyklaryny wada berdiler" diýip, bu ýere üýşen adamlaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýöne raýatlar awtobus gatnawlary bolmansoň, bir hepde her gün 15 kilometr ýoly takside geçmeli bolandyklaryny aýdyp, gatnawlaryň ýatyrylmagynyň sebäplerini düşündirmegi hem soradylar.

"Üýşüp baran adamlaryň soragyna jogap bermediler. Munuň diňe karantin çäklendirmeleri bilen bagly bolandygy aýdyldy" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Adamlaryň bu protest çäresinden soňra, Mary-Gres aralygyndaky awtobus gatnawlary 17-nji iýulda gaýtadan dikeldi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada agzalýan Awtomenziliň ýolbaşçylaryndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmen hökümeti we döwlet mediasy global pandemiýanyň arasynda ýurtda koronawirusa ýolugýanlar we ondan heläk bolýanlar barada garaşsyz habar serişdelerinde, şol sanda Azatlykda çykýan maglumatlara hiç hili reaksiýa görkezmeýärler. Ýöne 13-nji iýulda Türkmenistanyň Saglyk ministrligi rus neşirinde ýurtdaky poliomiýelit bilen bagly ýagdaýlaryň “ýoýulyp görkezilýändigini” aýdyp, dessine beýanat ýaýratdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG