Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa gowgasynyň arasynda ýurduny terk edýän belarusly köpelýär


Ýana Maksimawa
Ýana Maksimawa

Belarus türgeni, goşulan ýedi ugur boýunça bäsleşýän Ýana Maksimawa, Belarusda demokratiýa tarapdar toparlara we hökümet tankytçylaryna görkezilýän basyşlaryň dowam edýändigi sebäpli, Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan adamsy we çagasy bilen Germaniýada galmak kararyna gelendigini aýtdy.

Maksimowanyň adamsy Andreý Krauçanka goşulan on ugur boýunça ýaryşyp, Belarusda milli rekord goýdy we 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal gazandy.

Maksimawa 3-nji awgustda instagramda, Belarusyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy we halkara izolýasiýasy bilen baglylykda, "indi adamyň ol ýerde diňe bir erkinligini däl, eýsem ömrüni hem ýitirip biljekdigini" aýtdy.

Bu beýanat onuň belarusly kärdeşi, olimpiýa ýüwrügi Krystsina Tsimanowskaýanyň Tokiodan yzyna iberilmezligi üçin jan çekýän wagtynda we bosgunlykdaky Minsk tankytçysynyň Kiýewde öli tapylandygy, onuň öldürilen bolmak ähtimallygynyň derňewi baradaky habarlaryň yz ýanyndan edildi.

"Bu ýerde erkin dem alyp, öz halkynyň, garyndaşlarynyň we ýakynlarynyň azatlygy ugrunda göreşýän adamlaryň biri bolmak mümkin; biz hökman ýeňeris" diýip, sowet döwründe Wilniusda doglan Maksimawa ýazdy.

Tsimanowskaýa häzirki wagtda, Belarusyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan milli komandasyna ýolbaşçylyk eden resmileriň talabyndan ýüz öwrüp, Tokiodan Minskä uçýan uçardan galandan soň, Polşadan gaçybatalga almaga çalyşýar.

26 ýaşly belarus aktiwisti Wital Şişou bir gün ozal ýitirim bolanyndan soň, 3-nji awgustda Kiýewdäki öýüniň golaýyndaky parkda asylan halda tapyldy. Ol düýbi Kiýewde ýerleşýän we ýanalýan belaruslara kömek edýän gurama ýolbaşçylyk edýärdi. Gurmadaky dostlary we kiýew polisiýasy onuň bedeninde ýenjilme alamatlarynyň bolandygyny aýtdy.

Olimpiýa dramasy we Şişouyň ölümi Aleksandr Lukaşenkanyň 2020-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen prezident saýlawynda resmi taýdan ýeňiji diýlip yglan edileli bäri ulanýan gazaply basyp ýatyrmalaryna ýene bir gezek ünsi çekdi. Oppozisiýa we halkara jemgyýetçiligi saýlaw netijeleriniň gaplaşdyrylandygyny aýdaly bäri gapma-garşylyk saklanyp galýar.

Şu aralykda, “Nasha Niva” gazetiniň 3-nji awgustda, Telegram kanalynda beren habaryna görä, Belarusyň paýtagtyndaky “Witsyaz” handbol, el pökgüsi klubynyň tälimçisi Minskden Ukraina gaçdy.

Tälimçi Kanstantsin Ýakauleu iýun aýynda hökümete garşy rugsat berilmedik ýörişe gatnaşandygy üçin tussag edildi we 15 gün tussaglykda saklandy.

Halkara Olimpiýa Komiteti we beýleki daşarky häkimiýetler Tsimanowskaýanyň şikaýatyny derňeýändiklerini aýdýarlar. Ol belarus resmileriniň oýunlardaky kemçiliklerini tankytlap, howply ýagdaýa düşendigini öňe sürýär.

Belarusa gaýdyp barsa türmä basylmak ähtimallygyndan gorkýandygyny aýdandan soň, polýak häkimiýetleri Tsimanowskaýa ynsanperwerlik wizasyny berdi we, habar berilmegine görä, ahyrynda oňa goşulmak üçin, Belarusdaky adamsy hem ýurtdan gaçdy.

XS
SM
MD
LG