Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow täjik prezidenti bilen duşuşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon. Arhiwden alnan surat

Şu gün, 4-nji awgustda paýtagt Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Rahmon 3-nji awgustda döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi.

Täjik prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet baýdaklarynyň pasyrdaýan Garaşsyzlyk meýdanynda Berdimuhamedow täjik prezidentini garşy aldy.

Bu ýerde iki ýurduň liderleri we ýokary derejeli döwlet resmileri salamlaşandan soň, döwlet gimnleri ýaňlandy hem surata düşmek çäresi boldy. Şondan soň, türkmen we täjik prezidentleri ikiçäk ýygnak geçirmek üçin Türkmenistanyň prezidentiniň "Oguzhan" köşkler toplumyna gitdiler.

Mundan ozal TDH Aşgabatda geçiriljek türkmen-täjik duşuşygynyň “köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze wajyp tapgyry açjakdygyny" habar berdi.

Täjik prezidentiniň Türkmenistana amala aşyrýan sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda gowşaýan wagtlaryna gabat gelýär. Hususan-da, 2019-njy ýyldan bäri Türkmenistan täjik ýük ulaglarynyň öz çäginden üstaşyr geçmegine rugsat bermeýär. Bu ugurda täjik häkimiýetleriniň üç ýyl bäri alyp barýan tagallalary netije bermeýär.

Galyberse-de, bu sapar iki ýurduň günorta goňşusy Owganystanda "Talyban" jeňçileri bilen owgan hökümet güýçleriniň arasyndaky söweşleriň güýçlenip, ýurtda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşýan wagtlaryna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.https://rus.azathabar.com/a/31379313.html

XS
SM
MD
LG