Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Goňşy Owganystanda ýokarlanýan durnuksyzlygyň arasynda Täjigistan söweşjeň taýýarlygy barlaýar


Täjigistanyň goşun birikmeleri Duşenbäniň çetinde ýygnanyşýar. 22-nji iýul.

Uruşdan ejir çeken Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde “Talybanyň” öz çägini giňeltmegi sebäpli Merkezi Aziýada ýokarlanýan howpsuzlyk aladalarynyň arasynda Täjigistan söweşjeň taýýarlygy barlamak üçin öz ýaragly güýçleriniň hüşgärlik derejesini ýokarlandyryp, owgan serhedine müňlerçe goşun ýerleşdirendigini aýdýar.

Täjigistan 22-nji iýulda prezident Emomali Rahmonyň permany bilen 100 müň işjeň harby gullukçyny, şeýle-de, kanun goraýjy agentliklerden, ätiýaçdaky harby serkerdelerden, ätiýaçdaky esgerlerden ybarat 130 müň gullukçyny tälim-türgenleşikler üçin mobilizledi. Bu Täjigistanyň 30 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda geçirilýän iň uly harby türgenleşikdir.

Söweşjeň taýýarlygyň barlanmagy bilen bir hatarda, serhet goşunlaryny güýçlendirmek üçin ätiýaçdaky 20 müň harby täjik-owgan serhedine iberildi.

ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler Owganystandan çekilýän mahaly “Talyban” soňky hepdelerde ýurtda öz çägini giňeltdi, şol sanda Täjigistan bilen aradaky Şir Han Bender serhet geçelgesini öz gol astyna geçirdi. Täjik häkimiýetleri häzirki wagtda Owganystanyň Täjigistan bilen aradaky 900 kilometrden gowrak serhedine “Talyban” tarapyndan gözegçilik edilýändigini aýdýar.

Daşary ýurt güýçleriniň çalt yza çekilip, “Talybanyň” söweş meýdanynda üstünlik gazanmagy bilen, owgan hökümetiniň çökmek ähtimallygy barada dörän aladalarynyň arasynda, Russiýa 30-njy iýul – 10-njy awgust aralygynda Özbegistan bilen bilelikde harby tälim-türgenleşik geçirjekdigini yglan etdi.

Täjigistanda harby bazasy bolan Moskwa serhet ýakada 5-10-njy awgust aralygynda Özbegistan bilen bir hatarda Täjigistan bilen hem bilelikde harby tälim-türgenleşik geçirmegi planlaşdyrýar.

22-nji iýulda Milli gwardiýanyň işgärleriniň öňünde eden çykyşynda Rahmon Owganystanda, hususan-da ýurduň Täjigistan bilen serhetleşýän demirgazyk sebitlerinde ýagdaýlaryň “örän kyn we näbelli bolmagynda galýandygyny” aýtdy.

“Ýagdaýlar günsaýyn, hatda sagatsaýyn has-da çylşyrymlaşýar” diýip, ol aýtdy.

Soňky hepdelerde “Talybanyň” günbatar goldawly Kabul hökümetine garşy güýçlendirýän hüjümleriniň arasynda ýüzlerçe owganystanly, şol sanda polisiýa we hökümet güýçleri ýurtdan gaçyp, Täjigistana we Özbegistana girdi.

Birleşen Ştatlary 31-nji iýula çenli Owganystandan doly yza çekilmegi planlaşdyrýan mahaly, gozgalaňçylar ýurduň etrap merkezleriniň ýarysyndan gowragyny öz gol astyna geçirdi diýip, ABŞ-nyň Bilelikdäki Baş ştabynyň başlygy general Mark Milleý 21-nji iýulda aýtdy.

Owganystanyň goranmak ministri Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu sözlere reaksiýa bildirip, “ýitirilen etraplary owgan güýçleriniň gözegçiligine gaýtaryp almak üçin anyk meýilnamalara esaslanýan tagallalar dowam edýär” diýdi.

“Talybanyň” metbugat sekretary Zabiullah Mujahid gozgalaňçylaryň “iri şäherleri ele geçirmek planlarynyň ýokdugyny” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG