Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda bäbegiň jesedini zibilhana zyňandygy güman edilýän talyp gyz tussag edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň polisiýasy täze doglan bäbegiň jesedini şäheriň ýaşaýyş etraplarynyň birindäki zibilhana zyňandygy güman edilýän raýaty tussag etdi. Ýagdaýdan habarly çeşmämiz bu raýatyň Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talybydygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýatlatsak, ýakynda Howdan “A” etrapçasynyň jemgyýetçilik işgärleri zibil çeleginden täze doglan bäbegiň dem-düýtsüz jesedini tapdylar. Bu waka 22-nji iýulda, Gurban baýramynyň üçünji gününde, sagat 11 töweregi, Ankara köçesiniň ugrundaky howlular arassalanýarka, 31-nji we 42-nji orta mekdepleriň arasynda bolup geçdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, şondan soň polisiýa işgärleri etrapçadaky jaýlara aýlanyp, bäbegiň ejesini tapmak üçin ýaşaýjylar bilen söhbetdeşlik geçirip başladylar.

"Kwartiralara aýlanan polisiýa işgärleri ýaşaýjylardan maşgalada näçe adamyň, şol sanda çaganyň bardygyny soradylar. Şeýle-de, olar ýaşaýjylarda ýa-da olaryň goňşy-golamlarynda göwreli aýalyň bar ýa-da ýokdugy bilen hem gyzyklandylar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Maral diýlip tutulmagyny soran ýerli ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, aradan bir hepde çemesi geçensoň, ýaşaýjylar täze doglan bäbegiň jesedini zibilhana zyňandygy güman edilýän raýatyň Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talybydygyny eşitdiler.

Bellesek, bu institut we onuň talyplary üçin niýetlenen umumy ýaşaýyş jaý toplumy Howdan "A" etrapçasynyň golaýynda ýerleşýär.

"Talyp gyz polisiýa beren maglumatynda öz mugallymyndan göwreli galandygyny, maşgalaly adam bilen gatnaşykda bolandygyny gizlemek üçin bu ädime baş goşmaga mejbur bolandygyny aýtdy" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz tussag edilen talyp gyzyň soňky ykbalynyň nämälimdigini hem aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada goşmaça maglumat almak üçin Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna elektron poçta arkaly ýüz tutdy. Emma Azatlyk 5-nji awgustda ýazan email hatyna 6-njy awgusta çenli hiç bir jogap almady.

Şeýle-de, redaksiýamyzyň Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirligi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermedi.

Azatlygyň habarçylary soňky ýyllarda bu hili hadysalaryň sanynyň ep-esli artandygyny habar berýärler. Ýerli synçylar munuň sebäplerini ykdysady kynçylyklar we Türkmenistanda ýaşaýyş derejesiniň ýyl-ýyldan aşak gaçmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Mundan başga-da, çaga aýyrtmagy hakykatda doly diýen ýaly gadagan edýän kanunlar hem şeýle ýagdaýlaryň gürelmegine getirýär. Türkmenistanyň "Raýatlaryň saglygyny goramak baradaky" kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, çagany aýyrtmaga bäş hepdelik göwrelilik möhletinde rugsat berilýär.

Bu bir aýalyň aýbaşysynyň gijikmegi sebäpli özünde çaga galandygyny çaklap, eger aýyrtjak bolsa, bäş hepdelige golaý çagasyny birnäçe gün içinde düşürtmelidigini, şondan gijikse, onuň kanuny bozýandygyny aňladýar.

Göwrede galan çagany bäş hepdeden soň düşürtmek üçin ýörite komissiýanyň karar çykarmagy gerek. Bu ýagdaý täze doglan çagalaryň sözüň doly manysynda hapa çelegine zyňylmagy, şeýle-de çaga dogurulýan öýlerde taşlanyp gaýdylmagy ýaly wakalaryň köpelmegine getirdi.

Garaşsyz neşir turkmen.news 12-nji iýulda paýtagtyň Parahat-2 etrapçasynda tapylan çaganyň jesedi barada habar berdi. Habarda aýdylmagyna görä, bu çaganyň jesedi 9-njy iýulda, 12-nji çagalar bagynyň golaýyndan tapylypdyr.

Azatlyk iýunyň ahyrynda Türkmenistandaky çaga dogurulýan öýlerde ejeleri tarapyndan terk edilen çagalaryň pul üçin nätanyş adamlara berlişi barada makala çap etdi. Azatlygyň bu ýagdaýlar barada gürrüň beren çeşmesi “munuň adaty çaga söwdasy bolup durýandygyny” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG