Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Owganystany maslahat edýär


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi

“Talyban” hökümet güýçlerine garşy söweşip, öz çägini giňeltmegi dowam etdirýän mahaly, 6-njy awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşýar.

Bu duşuşyk owgan hökümetiniň, Norwegiýanyň hem-de Estoniýanyň haýyşy boýunça geçirilýär. Howpsuzlyk Geňeşi iýun aýyndan bäri ilkinji gezek bu temany ara alyp maslahatlaşýar.

Birleşen Ştatlary we beýleki ýurtlar öz harby güýçlerini maý aýynda Owganystandan çekip başlaly bäri, ýurt boýunça söweşler ep-esli möwjedi. ABŞ-nyň Owganystandan goşun çekmek işlerini şu aýyň aýagyna çenli tamamlamagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda “Talyban” jeňçileri ýurduň uly bölegine gözegçilik edýär we iri şäherleriň içinde we töwereginde, şol sanda Hyratda, Laşkar Gahda we Gandaharda owgan güýçlerine garşy söweş alyp barýar.

Üç “Talyban” komandiriniň “Reuters” habar agentligine gürrüň bermegine görä, jeňçiler indi ozal oba ýerlerini basyp almaga gönükdirilen strategiýalaryny üýtgedip, şäherleri ele geçirmäge üns berýärler.

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Bikantow 4-nji awgustda Moskwada geçiren metbugat ýygnagynda “Talybanyň” iri şäherleri, şol sanda Kabuly ele geçirmäge we öz gözegçiliginde saklamaga mümkinçiliginiň ýokdugyny aýtdy.

“Olaryň hüjümleri gowşaýar” diýip, Bikantow aýtdy, ýöne ýurduň howpsuzlyk şertleriniň “ýaramazlaşýandygyny” sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG