Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protest güni Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynda nämeler boldy?


Türkmen migrantlary Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde protest geçirýär. 29-njy maý, 2020 ý. Arhiw suraty
Türkmen migrantlary Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde protest geçirýär. 29-njy maý, 2020 ý. Arhiw suraty

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda blogçy Farhad Durdyýew dynç güni özüniň türkmen wekilhanasynda duçar bolan wakalary barada jikme-jik gürrüň berýär.

1-nji awgustda onlarça türkmen aktiwisti Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoritar syýasatyna garşy protest aksiýasyna geçirmäge synanyşdy.

Azatlyk Radiosy bu protest synanyşygy barada hepdäniň dowamynda jikme-jik habar berdi.

Protestçileriň hataryndan blogçy Farhad Durdyýew özüniň aldaw ýoly bilen türkmen wekilhanasynyň territoriýasyna eltilendigini we ol ýerde birnäçe sagatlap bikanun saklanandygyny hem-de Türkmenistanyň diplomatlary tarapyndan urlup-ýenjilendigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyndan kommentariýa alyp bilmeýär.

Gepleşigimiziň bu sanynda blogçy Farhad Durdyýew dynç güni özüniň türkmen wekilhanasynda duçar bolan wakalary barada jikme-jik gürrüň berýär.

Protest güni Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynda nämeler boldy?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG