Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden hoňkoňly bosgunlara ABŞ-da "wagtlaýyn" galmak rugsadyny berýär


Prezident Jo Baýden
Prezident Jo Baýden

Prezident Jo Baýden Pekin häkimiýetleriniň yzarlamalaryndan gacyp, Hytaýdan ABŞ-a gelen hoňkoň ýaşaýjylaryna kömek bermek baradaky jarnama gol çekdi diýip, BBC-i habar berýär.

Resminama laýyklykda, möhleti geçen wizalary bolan hoňkoňlylara wiza möhletlerini uzaltmak üçin Amerikada bir ýarym ýyla çenli galmaga rugsat berilýär. Baýden bu karary barada gürrüň edip, Pekini "Hoňkoňdaky hukuklary we azatlyklary bozmakda" aýyplady.

Bu karar Hytaýyň awtonom sebitinden gelen birnäçe müň immigrantyň, 2019-njy ýylda bolup geçen iň uly protest tolkunlaryndan soň HHR ýolbaşçylarynyň giň gerimli hüjümlerine sezewar bolan aktiwistleriň, garaşsyz metbugatyň wekilleriniň we ygrarsyz hasaplanan telekeçileriň ýagdaýlaryny ýeňilleşdirmek üçin çykaryldy.

Hytaý Waşingtona garşy çykyp, bu jarnamany "içerki işlere gatyşmak" we "halkara hukugynyň bozulmagy" diýip atlandyrdy.

Mundan öň 1997-nji ýyla çenli Hoňkoňyň kanuny eýesi bolan Angliýa kömek bermek kararyna geldi. Birleşen patyşalyk bu sebitden çykan we iňlis daşary ýurt pasportlary bolan raýatlara raýatlyk almak üçin ýönekeýleşdirilen proseduradan geçmegi teklip etdi.

Bu ýerde iňlis pasportyna ýönekeýleşdirilen görnüşde alyp biljek adamlaryň 5,5 million çemesi bolmagy mümkin diýlip hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG