Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar ýurtdan çykmak üçin resminama almakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar


Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky konsullygynyň binasy. Aşgabat
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky konsullygynyň binasy. Aşgabat

Russiýa Federasiýasynda göçüriş statusy bolan türkmenistanlylar Türkmenistany terk etmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary daşary ýurtdaky ene-atalaryň Türkmenistanda galan çagalaryny äkidip bilmeýändikleri barada habar berýärler.

Russiýanyň Aşgabatdaky konsullygynyň öňünde henizem uzyn nobatlar emele gelýär. Habarçylaryň sözlerine görä, ýüz tutýanlaryň arasynda Russiýa Federasiýasyna hemişelik ýaşamak üçin göçürim statusy bolan6 emma öz çagalaryna rugsat alyp bilmeýän Türkmenistanyň raýatlary köp.

"Konsullygyň öňünde, günortan 11 ýaşynda bir oglan aglaýardy, ene-atasy ony bir ýarym ýyl ozal enesi bilen galdyryp, ýurdy terk edipdi. Bir ýarym ýyl geçendigine garamazdan, oglanyň enesi ony Russiýadaky ene-atasynyň ýanyna iberip bilmän gelýär "-diýip, Azatlykyň habarçysy Russiýanyň Aşgabatdaky konsullygynda öňünde boup geçen wakalaryň biri barada 10-njy awgustda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda doglan oglanyň Russiýanyň raýatlygy ýok. Ol henizem raýatlyk alyp bilmändir, sebäbi garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, konsullygyň işgärleri resminamalaryň häzirlikçe berilmeýändigini, ýollar açylýança garaşmalydygyny aýdypdyr.

Azatlygyň habarçylarynyň habar bermegine görä, köp maşgala çagalary bilen ýurtdan çykmak üçin resminama almakda kynçylyk çekýär.

"Migrant statusy üçin ýüz tutan we gitmek üçin rugsat alan aýallaryň ençemesi sanawda täze doglan bäbekleriniň ýokdugyny bilip galýarlar, şeýlelikde çagalaryna Russiýanyň raýatlygy almak için goşmaça ýüz tutmaly bolýarlar, diňe şoňdan soň çagalaryny öz ýany bilen alyp gidip bilýärler" -diýdi, habarçymyz bilen adynyň gizlin saklanmagyny sorap gürleşen çeşme aýtdy.

Soňky ýyllarda Russiýa göçüş statusyny almak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň sany barha artýar.

Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda ähli halkara uçuşlary ýatyryp, serhetleri ýapandan soň, raýatlaryň ýurduň daşyna akymy haýallapdy. Emma koronawirus çäklendirmeleri ýeňilleşip başlansoň, Russiýanyň Aşgabatdaky konsullygynyň öňünde nobatlar ýene artdy.

Güýçli ykdysady krizis sebäpli yzygiderli ýaramazlaşýan durmuş derejesi köpleri daşary ýurtlarda iş gözlemäge ýa-da ýurdy hemişelik terk etmäge mejbur edýär. Azatlygyň çeşmelerine görä, ýurt demografiki krizisiň bosagasynda durýar. Ýurduň häkimiýetleri ilatyň sanynyň 2,7-2,8 milliona çenli azalandygyny anyklapdyr. Diňe 2019-njy ýylyň ýanwaryna çenli 10 ýylyň içinde tas 2 million adam Türkmenistandan çykyp gidipdir.

Ýurtdan çykmak islegleriň artmagy we zerur resminamalary ýygnamak işiň çylşyrymlylygy sebäpli resminamalary ýygnamak we Russiýanyň diplomatik wekilhanasyna arzalary ibermek üçin hyzmatlary üpjün edýän araçylar peýda boldy.

Bu aralykda, ilatyň ýurtdan girmegi bilen bagly problemany aç-açan ykrar etmeýän Türkmenistanyň häkimiýetleri soňky ýyllarda raýatlaryň ýurtdan çykmagynyň öňüni almak üçin dürli çäreleri gördi, şol sanda pasport bermekden ýüz öwürmek, raýatlaryň elinden pasportlaryny almak, goşa raýatlykly adamlara daşary ýurt pasportyndan ýüz öwürmegi üçin basyş etmek, döwlet edaralarynyň işgärleriniň biometriki pasportlaryny tabşyrmagyny talap etmek we ýurtdan çykýan raýatlary ýolundan alyp galmak ýaly dürli gadaganlyklary gidizipdi.

Garaşsyz “Turkmen.news” onlaýn neşirniň habaryna görä, Türkmenistanyň häkimiýetleri çykyş wizalaryny girizip, pandemiýadan soň hem raýatlaryň ýurtdan çykmagyny çäklendirmekçi bolýar.

"Häzirki wagtda hökümet raýatlaryň ýurtdan gitmegi üçin deslapky rugsady almak düzgüniniň iki ýoluny göz öňünde tutýar: bu migrasiýa gullugyndan ýa-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden alynmaly bolar" diýip, neşir ýazýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG