Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň we Russiýanyň goranmak ministrleri “strategiki durnuklylyk” barada telefonda gürleşdi


ABŞ we Russiýa dünýädäki ýadro ýaraglarynyň 90 göterimine eýeçilik edýär.

ABŞ-nyň goranmak ministri Loýd Ostin (Lloyd Austin) we onuň rus kärdeşi Sergeý Şoýgu 11-nji awgustda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, iki ýurduň prezidentleriniň sammitinden soň, geçen aý badalga berilen “strategiki durnuklylyk” gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi Ostin bilen Şoýgunyň “28-nji iýulda ABŞ – Russiýa Strategiki Durnuklylyk Dialogynyň gaýtadan ýolan goýulmagynyň yz ýany töwekgelçiligi azaltmak tagallalaryny hem-de aç-açanlygy” ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi taraplaryň “strategiki durnuklylyk boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeleriň netijeleri, şeýle-de global we regional howpsuzlygyň meseleleri” barada gepleşendiklerini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin iýunda Ženewada geçiren sammitlerinde “geljekdäki ýarag gözegçiliginiň binýadyny tutmak” üçin strategiki durnuklylyk babatynda ikitaraplaýyn gepleşiklere badalga bermek boýunça ylalaşdy. Iki tarapyň resmileri 28-nji iýulda Ženewada duşuşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG