Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pfizer, Moderna sanjymlary göwreli aýallar üçin howpsuz – ABŞ-nyň saglyk edarasy


Illlýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň saglyk resmileri soňky geçirilen barlaglar waksinalaryň çaganyň düşmek howpuny artdyrmaýandygyny görkezýär diýip, göwreli aýallary COVID-19-a garşy sanjym kabul etmäge çagyrdy.

ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleri ähli göwreli aýallary, ýa-da göwreli galmagy planlaşdyrýan aýallary hem-de emdirýän aýallary sanjym kabul etmäge çagyrýar diýip, gullugyň direktory Roçelle Walenskiý 11-nji awgustda aýtdy.

Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň seljeren maglumatlaryna görä, Pfizer we Moderna tarapyndan işlenilip düzülen sanjymyň bir görnüşi bolan mRNA waksinasyny göwrelilikden 20 hepde ozal kabul eden 2,500 töweregi göwreli aýalda sanjym çaganyň düşmek howpuny artdyrmady.

Bu aralykda, Kalforniýa ABŞ-da mekdepleriň mugallymlaryndan we beýleki işgärlerinden sanjym kabul etmegi ýa-da COVID-19 üçin yzygiderli test tabşyrmagy talap eden ilkinji ABŞ ştaty boldy.

12-nji awgustda Awstraliýanyň paýtagty Kanberra şäherde ýekeje COVID-19 hadysasy anyklanandan soňra ýedi gün möhlet bilen petikleme yglan etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG