Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ Lukaşenkany "kemsideni" üçin tussag edilen habarçynyň boşadylmagyny talap edýär


Sergeý Hardziýewiç Minskde bir sud otagynda otyr. 2-nji awgust, 2021.
Sergeý Hardziýewiç Minskde bir sud otagynda otyr. 2-nji awgust, 2021.

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) Belarusy awtoritar lider Aleksandr Lukaşenkany we iki polisiýa ofiserini kemsitmekde aýyplanan hem-de 18 aý azatlykdan mahrum edilen žurnalist Sergeý Hardziýewiçi derrew boşatmaga çagyrdy.

"Žurnalist Sergeý Hardziýewiçiň tussag edilmegi belarus häkimiýetleriniň kanunçylykdan hukuk goraýjylaryň eden-etdiligi barada ýazýan žurnalistleri susdurmak üçin hyýanatçylykly peýdalanýandygyny ýene bir gezek görkezdi” diýip, žurnalistleri goramak baradaky komitetiň programma müdiri Karlos Martinez de la Sernanyň 12-nji awgustda çap eden beýanynda aýdylýar.

"Häkimiýetler Hardziýewiçiň şikaýat arzasyny ret etmän, ony we adalatsyz tussaglykda saklanýan beýleki žurnalistleri derrew azatlyga goýbermeli" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Garaşsyz sebit habarlaryny çap edýän web sahypanyň, “Perşi Region” neşiriniň habarçysy Hardziýewiç 2-nji awgustda, günbatardaky Brest sebitinde tussaglyga höküm edildi.

Oňa bildirilýän günäleriň arasynda Hardziýewiçiň Lukaşenkany "syçan" diýip atlandyrýan sosial media maglumatyny gaýtadan çap edendigi baradaky aýyplama hem bar. Ol bu aýyplamalary ret etdi we çykarylan hökümden şikaýat etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG