Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Sooronbaý Jeenbekow soraga çagyryldy


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Sooronbaý Jeenbekow. Arhiw suraty

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri Kumtor altyn käniniň taslamasy işlenip düzülende ýol berlendigi aýdylýan korrupsiýa derňewini giňeldildip, Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Sooronbaý Jeenbekowy hem soraga çekdiler.

Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti 13-nji awgustda Jeenbekowyň soraga şaýat hökmünde çagyrylandygyny, 2016-2017-nji ýyllarda premýer-ministr bolup işlän döwrüne degişli soraglara jogap bermelidigini aýtdy.

Jeenbekow 2017-nji ýyldan başlap, geçen ýyl işinden aýrylýança prezident bolup işledi, dawaly parlament saýlawlary sebäpli ýüze çykan köçe protestlerinden soň bolsa işden çekildi.

Kumtor ençeme ýyl bäri maliýe we daşky gurşaw ylalaşmazlyklarynyň nyşany bolup, häzirki wagtda Gyrgyzystan döwleti bilen magdan operatory Kanada Centerra Gold arasynda gözegçilik üstünde dowam edýän dawanyň temasy bolup durýar.

Prezident Sadyr Žaparowyň daşky gurşaw we howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagyna garşy görülmeli zerur çäre atlandyrmagy netijesinde, gyrgyz hökümeti bu altyn känini häzir wagtlaýyn öz gözegçiligine geçirdi.

Centerra Gyrgyzystanyň hereketlerini "nädogry we bikanun" diýip atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG