Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

COVID-19: Orsýetde ölüm derejesi ýokary saklanýar, Serbia waksinanyň üçünji dozasyny tassyklady


COVID-19 keselhanasy, Orsýet

Russiýada koronawirusdan gündelik ölüm derejesi dört günüň dowamynda 800 adamdan geçdi, beýleki ýurtlaryň köpüsi ýokanç "Delta" görnüşiniň ýaýramagynyň öňüni almak ugrundaky tagallalarynda kemçilikleri habar bermegini dowam etdirýärler.

Rus häkimiýetleri 15-nji awgustda geçen 24 sagatda 816 sany täze ölümiň bolandygyny habar berdiler.

Russiýada gündelik ölüm derejesi pandemiýanyň dowamynda ilkinji gezek 800-den geçdi we dört gün bäri şol bir derejede saklanýar.

Russiýa geçen aýda infeksiýalaryň köpelmeginiň "Delta" warianty bilen baglydygyny aýdýarlar. Täze tassyklanan hadysalar iýunyň başynda günde 9000 töweregi bolan bolsa, iýul aýynyň ortalarynda günde 25 000-e ýetdi.

Russiýanyň koronawirus boýunça döwlet topary, COVID-19 hadysalarynyň 6,6 milliondan gowrak bolandygyny we 170 499 adamyň ölendigini habar berdi.

Şeýle-de bolsa, garaşsyz bilermenler resmi sanlara şübhelenýärler, häkimiýetleriň ölenleriň sanyny we umumy ýokanç keselleriň sanyny gaty az hasaba alýandygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, Serbiýanyň häkimiýetleri immun sistemasy bozulan adamlar, saglyk işgärleri we alty aýdan gowrak öň sanjym edilenler üçin COVID-19 waksinalarynyň üçünji dozasyna rugsat berdi.

Ýurduň zähmet ministri saglyk edaralarynyň üçünji dozany 17-nji awgustdan başlap immuniteti pes adamlara edip başlajakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG