Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat: ilatyň azyk paýlary öýlere paýlanýar, çörek nobatlary ýaşyrylýar


Illýustrasiýa suraty.

Lebap welaýatynyň administratiw merkeziniň döwlet dükanlarynda çörek üpjünçiliginiň ýaramaz ýagdaýy saklanyp galýar. Bir döwlet dükanynynda çörek nobatlary köp gatly jaýyň girelgesinde gizlenilýär. Bu aralykda, ilatyň nagt kynçylyklary hem-de subsidirlenen harytlary hojalyklara paýlamak işleri dowam edýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, adamlar bir döwlet dükanynyň öňünde ir sagat 4-den başlap, çörek satyn almak üçin nobata durup başlaýarlar. Ýöne dükanyň öňünde uly nobatyň emele gelmegine ýol berilmeýär.

“6:15-de çörek getirýän awtoulag gelýär, ýöne çörek nobatyna garaşýan adamlar dükandan 100 metr aradaşlykda garaşmaly bolýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, alyjylar dükana iki-ikiden iberilýär, galan adamlar dükanyň ýanyndaky bir köp gatly jaýyň girelgesinde gizlenmeli bolýarlar.

Türkmenabatly habarçymyz emele gelýän nobatlara iki asuda raýatyň gözegçilik edýändigini aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlarynyň öňünde emele gelýän uly nobatlary “ýaşyrmak” tagallalarynyň çäginde geçen maý aýyndan başlap, paýtagt Aşgabatda subsidirlenen azyk önümlerini hojalyklara eltip bermek işlerine girişdi.

Türkmenabatly habarçymyzyň maglumatlaryna görä, kesgitlenen möçberlerde azyk önümleriniň öýlere paýlanylmagy şu günler Türkmenabatda-da ýola goýulýar. Kesgitlenen möçberlerde pagta ýagy, günebakar ýagy, 5 kg un, 1 kg tüwi we bir sany towuk budy öýlere eltilip berilýär. Harytlary öýe eltmek hyzmaty üçin hojalyklardan 3 manat möçberinde töleg kabul edilýär.

Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary öýlere haryt paýlamagyň kadasyz ýygylygy barada habar berdiler. Häkimiýetler Aşgabatda ilkibaşda hepdede bir gezek ilata azyk paýlamagy meýilleşdirdi. Paýtagtly ýaşaýjylar maý we iýun aýlarynyň dowamynda köp etrapda bary-ýogy iki gezek subsidirlenen azyk önümleriniň öýlere paýlanandygyny aýtdy. 16-njy awgustda Azatlygyň habarçysy ýurduň käbir künjeklerinde ilatyň azyk paýlarynyň üç aýda bir gezek paýlanylýandygyny habar berdi. Awgustyň başlarynda habarçymyz paýtagtyň ençeme etraplarynda azyk önümleriniň 10 günde bir gezek öýlere paýlanylýandygyny habar berdi.

Bu aralykda, Türkmenabatda pullaryny bankomatlardan nagtlaşdyryp bilmeýän adamlar azyk harytlaryny satyn almak üçin nagt däl hasaplaşyklary kabul edýän söwda merkezlerine köpçülikleýin barýarlar.

Habarçy nagt ýetmezçiligi sebäpli Türkmenabatda bazarlardan söwda edýän adamlaryň azalýandygyny aýdýar. Şol bir wagtyň özünde, bu ýagdaý ilaty nagt däl hasaplaşyklary kabul edýän söwda merkezlerine iterýär.

Käbir çaklamalara görä 250 müň töweregi ilaty bolan Türkmenabat şäherinde nagt däl hasaplaşyk kabul edýän söwda merkezleriniň sany barada takyk maglumat ýok. Ýöne biziň habarçymyz şu günler şäheriň söwda merkezleriniň köp adamlydygyny aýdýar.

Ýöne söwda merkezlerinde azyk önümleriniň bahalary döwlet dükanlaryndaky bahalar bilen deňeşdirilende aşa ýokarydyr. Muňa garamazdan, habarçymyz nagt ýetmezçiligini başdan geçirýän adamlaryň gymmatçylyga garamazdan diňe nagt däl hasaplaşyk sebäpli söwda merkezlerinden azyk harytlaryny satyn almaga mejbur galýandyklaryny aýdýar.

Bu aralykda, öz ilaty azyk harytlarynyň gytçylygyny we gymmatçylygyny başdan geçirýän Türkmenistanyň Russiýa eksport eden gök-bakja we miwe önümleriniň möçberi bu ýyl 93 göterim ýokarlanypdyr.

Russiýada oba hojalyk önümleriniň howpsuzlygyna gözegçilik edýän “Rosselhoznadzoryň” maglumatlaryna görä, Russiýa soňky bir ýylda Türkmenistandan import eden gök-bakja we miwe önümleriniň möçberini 16,9 müň tonnadan 32,7 müň tonna çykarypdyr. Hususan-da, Türkmenistanyň Russiýa eksport eden pomidorynyň we käşiriniň möçberleri ýokarlanypdyr.

Pomidoryň eksport möçberi 16,4 müň tonnadan 31,9 müň tonna, käşiriň eksport möçberi 40 tonnadan 302 tonna çykypdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG