Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan: aktiwistiň tussag edilmegi we wirtual raýat toparlary


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanda aktiwistiň tussag edilmeginiň töweregindäki soraglara we raýat jemgyýetiniň umumy ýagdaýy baradaky söhbetdeşlige gönükdirilýär.

16-njy awgustda Daşogzuň şäher kazyýeti türkmenistanly aktiwist Myrat Duşemowy dört ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etdi. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri “Azat Turkmen” YouTube kanalyna salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, Duşemow adam “saglygna bilkastlaýyn orta agyrlykda şikes ýetirmekde” we “gorkuzyp almak” aýyplamalary boýunça günäkärlänip, türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Aktiwist mundan ozal 2020-nji ýylyň tomsunda sosial mediada syýasy garaýyşlaryny beýan edip, daşary ýurtlardaky türkmen oppozisiýasyny Türkmenistanyň içinde herekete çagyrandan soňra, türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edilipdi. Ýöne bu tussaglygyň yz ýany ol şertli tussaglyk bilen boşadyldy.

Duşemow 7-nji iýulda Aşgabat – Daşoguz magistralynyň ugrunda, Ruhubelent etrabynyň golaýynda polisiýa tarapyndan tussag edildi. Ol 15 gün wagtlaýyn tussaglykda wagty, hamala, kamerada oturan başga bir adamyň saglygyna şikes ýetirmekde aýyplandy.

Aktiwist näme üçin tussag edildi, näme sebäp bilen azatlykdan mahrum edildi? Onuň tussag edilmegi beýleki aktiwistleriň işine nähili täsit ýetirdi? Türkmen giňişliginde raýat aktiwizminiň öňündäki päsgelçilikler näme? Aktiwistler ynsan hukuklaryna sarp goýulmagy ugrunda nähili işler alyp barýar?

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanda aktiwistiň tussag edilmeginiň töweregindäki soraglara we raýat jemgyýetiniň umumy ýagdaýy baradaky söhbetdeşlige gönükdirilýär.

Gepleşigimize Türkiýeden “Oýan türkmen” hereketiniň ýolbaşçysy Röwşen Gylyjow gatnaşdy.

Türkmenistan: aktiwistiň tussag edilmegi we wirtual raýat toparlary
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG