Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň Täjigistandaky jelepçilik baradaky makalasy: resmi häkimiýet ähmiýet bermeýär, sosial ulgamda gyzgalaňly seslenme döredýär


Täjigistandaky jelepler baradaky hytaýça makaladan bir surat
Täjigistandaky jelepler baradaky hytaýça makaladan bir surat

10-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy - Ozodi Radiosynyň web sahypasynda çap bolan "Täjigistan – jynsy syýahatçylaryň ýurdy" atly makala barada Täjigistan häkimiýetleri entek resmi düşündiriş bermän gelýär, emma ýüzlerçe sosial media ulanyjy muňa seslendiler. Makalanyň aşagynda 100-den gowrak teswir peýda boldy.

Käbirleri Hytaý neşiriniň çap eden makalasyny Täjigistan baradaky maglumatlaryň ýoýulmagy diýip atlandyrdylar, şonuň bilen birlikde ýurtda jelepçiligiň ösmegini we käbir täjigistanly aýallaryň daşary ýurtlulara durmuşa çykmagyny ýazgardylar. Beýlekiler täjigistanly aýallaryň ýerli ýaşaýjylar, hytaýlylar ýa-da başga biri bilen gatnaşyklaryna olaryň öz haklary diýdiler.

Hytaýyň meşhur "Erkin tolkun" web sahypasy (网易 -Wangyi) sosiologiki barlaglara salgylanyp, iýun aýynyň ahyrynda Täjigistanda 200 jelephananyň bardygyny habar berdi. Olarda 14000 "gijeki kebelekleriň" işleýändigi aýdylýar. Ol sosial barlagyň kim tarapyndan, haçan we nirede geçirilendigi habar berilmeýär.

"Täze strategiýa"

Täjigistan häkimiýetleri ol makala entek ähmiýet bermän gelýärler. Mundan üç ýyl ozal ýurduň Içeri işler ministrligi sosial jogapkärçiligi pes bolan aýallaryň sanyny takmynan 6000 töweregi diýip çaklapdy.

"Kapitalist" lakamly okyjy Ozodi Radiosynyň web sahypasyna seslenmesinde, Hytaýda hatda siňekleriň hem kommunistleriň rugsady bolmazdan uçmaýandygyny aýdyp, bu makalanyň arkasynda ‘Asman imperiýasynyň’ ýolbaşçylary bar diýip hasaplaýar.

“Biziň hökümetimiz hökman jogap bermeli. Bu makala millionlarça hytaý halkyna Täjigistan barada ilkinji täsirlerini berip biler. Biz muny jogapsyz galdyrsak, onda, belki, täjigistanly aýallar hem gyzlar hytaýlylaryň öňünde arzan jelep ýaly görner" diýip ýazýar.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik başga bir web ulanyjy, şeýle makalanyň peýda bolmagyny "Hytaýyň täze strategiýasy" diýip atlandyrdy. “Şeýle etmek bilen olar bizi goňşularymyzyň öňünde kemsitmäge synanyşýarlar ýa-da öz erkeklerini bu ýere işlemäge gaýtmaga höweslendirýärler. Millet bilen baglanyşykda bu örän pes" diýýär.

"Hemmelere bolýar-da, hytaýlylara bolanokmy?"

Käbir web ulanyjylar jelepçiligiň asyrlar boýy bardygyna we onuň hiç haçan ýok bolmajakdygyna ynanýarlar. Okyjylaryň biri şeýle sorag berýär: “Beýleki milletden bolan adamlar bilen tölegli söýgi gurmak mümkin-de, näme üçin hut hytaýlylara mümkin däl? Jeleplere pul gerek, olara müşderiniň milletiniň kim bolandygynyň parhy ýok."

Şol wagtyň özünde käbir teswir ýazýanlar täjigistanly aýallaryň hytaýly erkekler bilen gatnaşyklaryny masgaraçylyk diýip atlandyrýar. "Jin" lakamly ulanyjy şeýle teswir galdyrdy: "Täjigistanly erkekleriň 80%-i Russiýa gidýärler we rus aýallaryna öýlenýär, bu utanç dälmi?"

Kim günäkär?

Teswir ýazýanlaryň arasynda şeýle ýagdaýyň döreýändigi üçin, wezipeli adamlary tankytlaýanlar hem bar. "Migrant" lakamly web ulanyjy: "Hiç ýerde iş bolmasa, işsiz aýallar näme etmeli?" diýip, ritoriki sorag berýär.

“Täjik jemgyýeti korrupsiýa çöken mahaly adamlar näme etmeli? Mekdeplerde hem uniwersitetlerde aýdymlardan we tanslardan başga zat öwredilmeýär. Döwlet telewideniýesi we radio diňe konsert berýär. Gyzlar nämeden görelde almaly?” diýip, ol ýazýar.

Aýallaryň arasyndaky işsizlik we jelepçilik bilen meşgullanmak baradaky soraglara jogap hökmünde, Täjigistanyň Aýallar we maşgala meseleleri boýunça komitetiniň başlygy iýul aýynyň ahyrynda, komitetiň wekilleriniň seks işgärleri bilen gürleşip, olara iş teklip edilendigini aýtdy. "Ýöne olar aýda 400 somoni aljakdyklaryny bilip, bu puly bir gijede tapýarys" diýdiler.

Web ulanyjy Samira: “Aýallar az aýlyk üçin işlemek islemän, jelepçilik bilen meşgullanmak arkaly aňsat pul tapmagy makul bilýärler. Olar durmuşyň höziriniň hem berekediniň iş hem halal gazanç arkaly gelýändigine düşünmeýärler" diýip ýazýar.

Öňräk jelepçilik bilen meşgullanýan birnäçe aýal Ozodi Radiosyna we beýleki köpçülikleýin habar serişdelerine beren interwýularynda, özlerini bu ýagdaýa itermegiň esasy sebäpleriniň çykgynsyzlyk hem işsizlikdigini aýtdylar.

"Öňki mugallym" lakamly bir web ulanyjy ýazylýan teswirleri Milletiň lideri, Majlisi Namoýandagony we deputatlar, Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň başlygy, Içeri işler ministri, prokurorlar we kazylar okaýarmy diýip sorag berdi.

XS
SM
MD
LG