Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk, grek ýolbaşçylary owgan migrantlaryny kabul etmejeklerini aýdýar


Bişkekdäki ABŞ ilçihanasyna gelen owgan oglanjygy. 19-njy awgust, 2021.
Bişkekdäki ABŞ ilçihanasyna gelen owgan oglanjygy. 19-njy awgust, 2021.

Gresiýanyň premýer-ministri Kyriakos Mitsotakis we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Owganystandan Ýewropa tarap uulalýan täze migrasiýa tolkuny bilen baglylykda, Owganystan meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Ýewropa Bileleşigi Owganystanda we goňşy ýurtlarda, esasanam Eýranda owganlara kömek etmeli, ýogsam migrasiýa tolkuny "gutulgysyz" bolar diýip, Erdogan 20-nji awgustda Gresiýanyň lideri bilen telefon arkaly eden gürrüňinde aýtdy.

Prezident edarasynyň maglumatyna görä, geçen hepdäniň aýagynda "Talyban" häkimiýeti ele geçirenden soň, ozalam ýokary bolan migrasiýa basyşy güýçlener we bu ýagdaý "hemmeler üçin çynlakaý kynçylyk" döreder.

Hökümet edarasynyň sözlerine görä, Owganystanyň goňşularyna owganlaryň “öz öýlerine mümkin boldugyça ýakyn durmagy” üçin goldaw berilmeli diýip, Mitsotakis aýtdy.

“Talybanyň” Owganystany basyp almagy, ýaramazlaşýan ykdysadyýet we uzak wagtlap dowam edýän gumanitar krizis Ýewropada 2015-nji ýyldaky migrasiýa krizisiniň gaýtalanmagy baradaky aladany döretdi, şonda Ýakyn Gündogardaky we beýleki ýerlerdäki uruşdan we garyplykdan gaçan bir milliondan gowrak adam, demirgazyk tarapdaky baý ýurtlara gitmezden ozal, Türkiýeden Gresiýa geçipdi.

XS
SM
MD
LG