Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny Günbatary Putiniň töweregindäkilere sanksiýa girizmäge çagyrýar


Wladimir sebitindäki türmede tussaglykda oturan rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny Günbatar ýurtlaryny dünýädäki korrupsiýa we ilkinji nobatda hem Russiýada korrupsiýa garşy işjeň göreşmäge çagyrdy.

Nawalny birbada Günbataryň üç esasy neşirinde - Angliýanyň “The Guardian”, Fransiýanyň “Le Monde” we Germaniýanyň “Frankfurter Allgemeine” gazetlerine çap edilen makalasynda daşary ýurt häkimiýetleriniň rus oligarhlaryna garşy sanksiýa, gadagnlyk girizmeklerine çagyrdy.

Oppozisioner “korrumpirlenen adamlara garşy göreşmezden korrupsiýa garşy göreşmek barypýatan "ikiýüzlülik we saýlawçylaryň ynamyny opurýar” diýdi.

Ol "günbatar isteblişmentini" tankyt etdi, sebäbi, Nawalnynyň pikiriçe, olar "Pawlowyň iti ýaly hereket edýär".

"Ýörite gullugyň polkownigini görkezseň, olar "Sanksiýa giriz!” diýip gygyrýarlar, emma polkownige aýlyk berýän oligarhy görkezseň, olar ony “Dawosa çagyr” diýip gygyrýar” diýip, syýasatçy ýazýar.

Nawalnynyň pikiriçe, "Putiniň ýakyn töweregindäki adamlara garşy şahsy sanksiýalar girizimese, Günbatardan eşidilýän islendik anti-korrupsiýa ritorikasy oýun we boş söz hökmünde kabul ediler".

Ol Putiniň oligarhlarynyň "resmi taýdan hususy bolan döwlet kompaniýalaryna ýolbaşçylyk edýändigini” we telekeçi däl-de, guramaçylykly jenaýat toparlarynyň ýolbaşçylary” bolup durýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG