Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polina Gurýewa "Türkmenistanyň at gazanan sport ussady" boldy, jaý, awtoulag bilen sylaglandy


Poliona Gurýewa sylag berlen awtoulagyň açaryny görkezýär. TDH-nyň fotosuraty
Poliona Gurýewa sylag berlen awtoulagyň açaryny görkezýär. TDH-nyň fotosuraty

Türkmen türgeni Polina Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly at, ähli amatlyklary bolan öýüň we «Lexus LX570 Sport Plus» kysymly awtoulagyň açarlary gowşuryldy; 50 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy berildi diýip, TDH 21-nji awgustda habar berdi.

Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan türkmen türgeni Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy şu gün, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki sport toplumynda, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Tälimçiler A.Saryýewe Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni, Artur Emirýana «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy.

59 kg çenli agram derejesinde çykyş eden türkmen türgeni silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça 217 kg (96+121) netijäni görkezdi we Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanmagy başardy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dabarada okalan gutlagynda P. Gurýewanyň “türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülendigi” aýdylýar.

XS
SM
MD
LG