Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandan göçürilenler Täjigistana, Özbegistana gelýär


20-nji awgustda Kulýab howa menzilinde gonan uçarlaryň biri.
20-nji awgustda Kulýab howa menzilinde gonan uçarlaryň biri.

Türkiýäniň Owganystandaky operasiýalara gatnaşan esgerlerini ewakuasiýa eden dört harby uçary Täjigistana gonsa, goňşy Özbegistan ýüzlerçe owgan bosgunyny garşy alyp, 21-nji awgustda olary wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdirdi.

20-nji awgustda Duşenbäniň 200 kilometr günortasynda ýerleşýän uçar menzilinde gonan uçarlaryň näçe esgeri alyp gelendigi belli däl.

AÝ/AR bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen ýokary derejeli resmi türk esgerleriniň geçegçidigini we bu ýurtda uzak wagtlap galmagyna garaşylmaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, çeşme bu esgerleriň NATO-nyň Owganystandaky Aýgytly goldaw missiýasynyň agzalarydygyny aýtdy.

Türk resmileri ozal Owganystanda söweşsiz missiýalara gatnaşýan 500 adamlyk goşun bölümleriniň bardygyny aýdypdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 20-nji awgustda Täjigistanyň we Özbegistanyň “eýýäm amerikalylary ýa-da käbir ýagdaýlarda başgalary öz üstlerinden geçirip başlan ýa-da ýakyn wagtda başlajak ýurtlaryň hataryndadygyny” aýtdy.

Beýleki tranzit ýurtlary bolsa, Bahreýn, Britaniýa, Daniýa, Germaniýa, Italiýa, Gazagystan, Kuweýt, Katar, Türkiýe we Birleşen Arap Emirlikleri bolar.

XS
SM
MD
LG