Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

1989-njy ýyldan bäri Özbegistany bir milliona golaý rus terk etdi


Daşkent uçar menzili. Bezeg suraty
Daşkent uçar menzili. Bezeg suraty

Döwlet statistika komitetiniň 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky maglumatlaryna görä, 1989-njy ýyldan bäri Özbegistany bir million töweregi rus terk etdi. 2021-nji ýylda ýurtdaky ruslaryň sany 720,3 müň adam boldy, 1989-njy ýylda olaryň sany 1 million 653 müň adamdan gowrakdy.

Özbegistanyň umumy ilaty 34,6 million adamdan geçdi (1989-njy ýylda olar 19,81 million adamdy). Özbegistanda iň uly etnik toparlar özbekler, täjikler, gazaklar, garagalpaklar we ruslardyr.

Ýurtdaky täjikleriň sany takmynan iki esse artdy - 933.560 adam bolanlygyndan 1,7 million adam boldy. Garagalpaklaryň sany hem köpelýär (1989-njy ýylda 411,8 müňden gowrakdy, 2021-nji ýyla çenli olaryň sany 752,7 müň adam boldy); gyrgyzlar 174,9 müň adam bolanlygyndan 291,6 müňe ýetdi.

Gazaklaryň sany tas öňküligine galdy, 1989-njy ýylda 808,2 müň, häzir 821,2 müň adam.

Özbegistanda nobatdaky ilat ýazuwy 2023-nji ýylda geçiriler. Bu ilatyň garaşsyzlykdan bäri ilkinji gezek resmi hasaplanmasy bolar. Soňky ilat ýazuwy 1989-njy ýylda geçirildi.

XS
SM
MD
LG