Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Terror hüjümi wehimleri sebäpli, Kabulyň aeroportunyň daşyndaky mähellä sebiti terk etmelidigi duýdurylýar


Kabulyň aeroportunyň daşyndaky mähelle
Kabulyň aeroportunyň daşyndaky mähelle

Birleşen Ştatlar we Günbataryň beýleki döwletleri Owganystany terk etmek üçin Kabulyň aeroportunyň daşynda jemlenmegini dowam etdirýän adamlary, terror hüjümi boýunça “juda ygtybarly” maglumatlaryň gowuşandygy sebäpli, howa menziliniň daş-töwereginden dessine yza çekilmäge çagyrdylar.

Günbatar diplomatlarynyň biriniň 26-nji awgustda aýtmagyna görä, duýduryşlara garamazdan uly mähelle aeroportuň daşynda jemlenmegini dowam etdirýär.

Şol bir wagtda, Owganystany terk etmek isleýän günbatarlylaryň Kabuldaky sany doly aýdyň däl. Emma günbatarly bir resmi ABŞ-nyň pasportyna ýa-da wizasyna eýe bolan 1 müň 500 töweregi adamyň aeroporta aşmak ugrunda tagalla edýändigini aýtdy.

Britaniýanyň ýaragly güýçler boýunça ministri James Heappeý 26-njy awgustda çykyş edip, jeňçileriň Kabulyň aeroportunyň töweregindäki mähellä hüjüm etmegi planlaşdyrýandygy barada “juda ygtybarly” aňtaw maglumatlarynyň gowuşandygyny aýtdy.

“Hüjümiň amal ediljekdigi barada, juda we juda ygtybarly maglumatlar bar. Şol sebäpli, öten agşam Daşary syýasat edara adamlaryň Kabulyň aeroportuna gelmezligi we soňky görkezmelere çenli howpsuz ýere gitmekleri barada maslahat berdi” diýip, Heappeý BBC radiosyna aýtdy.

25-nji awgustda ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasy Birleşen Ştatlaryň raýatlaryna aeroprtuň töweregine barmazlygy maslahat berdi. Şeýle-de, ilçihana howa menziliniň girişiniň öňünde toplananlaryň dessine sebiti terk etmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG