Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baýden Kabuldaky ganly hüjüm üçin ar alynjagyny, ewakuasiýanyň dowam etdiriljegini aýdýar


“Biz bagyşlamarys. Biz ýatdan çykarmarys. Biz sizi yzarlarys we hasaplaşar ýaly ederis” diýip,  Baýden 26-njy awgustda aýtdy.

Kabul howa menziliniň daşynda janyndan geçenleriň amala aşyran bomba hüjümleri azyndan 13 amerikan esgerini we onlarça owganlyny öldürenden soň, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden “Yslam döwleti” toparyndan ar aljakdygyny aýtdy.

“Biz bagyşlamarys. Biz ýatdan çykarmarys. Biz sizi yzarlarys we hasaplaşar ýaly ederis” diýip, Baýden 26-njy awgustda Ak tamyň telewideniýede berlen beýanatynda aýtdy.

Baýden ABŞ güýçleriniň “Yslam döwleti Horasany” (YD-H), ekstremist toparyň Owganystan we Päkistan bölümini nyşana aljakdygyny aýtdy.

Bu topar hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, onuň wagtyny we ýerini özüniň saýlandygyny aýtdy.

YD-H "Talybanyň" bäsdeşi bolup durýar. "Şeýle-de, men serkerdelerime YD-H emläklerine, ýolbaşçylaryna we desgalaryna zarba urmak planlaryny işläp düzmegi buýurdym" diýip, prezident aýtdy.

Birleşen Ştatlar, gozgalaňçylar şu aýyň başynda Kabuly ele geçireli bäri, “Talyban” bilen bilelikde ewakuasiýa işini utgaşdyrýar.

"Terrorçylyk hüjümi Birleşen Ştatlaryň müňlerçe amerikan raýatyny, ýaranlaryny we howp astyndaky owganlary Owganystandan ewakuasiýa etmek wezipesini amal aşyrmakdan saklap bilmez. Biz terrorçylar tarapyndan togtadylmarys” diýip, Baýden nygtady.

“Biz olaryň öz wezipämizi berjaý etmegimizi togtatmagyna ýol bermeris. Biz ewakuasiýany dowam etdireris” diýip, Baýden soňky 12 günde bu ýurtdan 100 müňden gowrak adamyň çykarylandygyny hem sözüne goşdy.

Baýden ABŞ goşunlarynyň Owganystandan çykmagy üçin 31-nji awgustda bellenen möhletini ýene bir gezek tassyklady we gelýän birnäçe günüň dowamynda ewakuasiýany tamamlamak üçin ýeterlik wagtyň bardygyny aýtdy.

Ol wepat bolam amerikan harbylaryny "başgalaryň janyny halas etmek üçin howply wezipäni ýerine ýetirýän, özlerini aýamadyk gahrymanlar" hökmünde häsiýetlendirdi.

"Olar taryhda görlüp-eşidilmedik uçar we ewakuasiýa tagallalarynyň bir bölegidi" diýip, Baýden aýtdy.

Baýden administrasiýasy ABŞ tarapyndan goldanýan owgan hökümeti darganyndan we “Talyban” ýurdy basyp alanyndan soň ýaýbaňlanan bulam-bujar ewakuasiýada günäkärlenýär. Emma prezident Amerikanyň iň uzyn söweşini gutaryp, Owganystandan goşun çykarmak kararyny gaýta-gaýta gorady.

ABŞ-nyň maglumatlaryna görä, bu hüjümde ölenleriň sany ony soňky on ýylda we Owganystandaky amerikan güýçlerine edilen bir hüjümde we 20 ýyllyk urşuň dowamynda bolan iň ganly hadysalaryň birine öwürdi. Bu hüjümler azyndan 60 owganlyny öldürdi.

ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň başlygy, general Kennet MakKenzie biraz öň Kabulyň howa menzilindäki Abbey derwezesiniň golaýynda, ABŞ-nyň goşunlarynyň soňky günlerde ýurtdan gitmek umydy bilen toplanan owgan mähellesini saklaýan ýerinde iki sany janyndan geçeniň bomba ýarandygyny aýtdy.

Mundan başga, ýaragly adamlar parahat ilata we harby güýçlere tarap ot açdy. Şol derwezäniň golaýyndaky Baron myhmanhanasyna ýa-da onuň golaýyna hem hüjüm edildi.

Pentagon 13 ABŞ esgeriniň ölendigini we 18 esgeriň ýaralanandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG