Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ogly bilen Pakistanyň daşary işler ministrini kabul etdi


Şah Mahmud Kureşi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy awgustda Pakistanyň sapara gelen daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi kabul etdi, duşuşyga wise-premýer Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy diýip, TDH habar berdi.

Taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär diýip, habarda bellenýär.

Pakistan mediasy Kureşiniň türkmen prezidenti bilen TOPH, 2 müň çemesi täze iş ornuny döretjek taslamany durmuşa geçirmek barada maslahat edendigini habar berýär.

Şeýle-de ol, Owganystandaky ýagdaý barada gürrüň edip, Pakistanyň goňşy ýurtlary parahatçylyk ýollaryny tapmak üçin bilelikde tagalla etmäge çagyrýandygyny nygtady.

“Islendik durnuksyzlyk Pakistana we beýleki goňşulara ýaramaz täsir eder” diýip, ol Owganystanyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak üçin goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny çagyrmak pikiriniň edilýändigini hem sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG