Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German DIM-niň başlygy Owganystanyň goňşularyna sapar edýär


Germaniýanyň daşary işler ministri Haýko Mas

Germaniýanyň daşary işler ministri Haýko Mas (Heiko Maas) Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin 29-njy awgustda Täjigistana, Özbegistana we Pakistana barýar diýip, “Roýters” 28-nji awgustda habar berdi.

Bu ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşiklerde owgan bosgunlary bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Masyň sözlerine görä, german häkimiýetleri Owganystandaky sarsgynlaryň döreden gumanitar kynçylyklaryny ýeňip geçmek üçin bu ýurduň goňşy döwletlerine goldaw bermäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Germaniýanyň daşary işler ministri sebitdäki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýä we Katara hem sapar eder. Ol bu ýurtlarda ewakuasiýa bil baglap biljek owganlara zerur resminamalaryň berilmegi barada ylalaşmak isleýär diýip, Interfaks habar gullugynyň maglumatynda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG