Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul. Türkmen ilçihanasynyň daşyndaky partlamanyň puja çykarylandygy aýdylýar


"Talyban" Kabulyň 'ýaşyl zonasyna' girýän awtoulaglary barlaýar. 22-nji awgust, 2021.
"Talyban" Kabulyň 'ýaşyl zonasyna' girýän awtoulaglary barlaýar. 22-nji awgust, 2021.

Indiatoday.in neşiriniň CNN-News18 habar gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, çeşmeler "Talybanyň" Kabul howa menzilindäki goşa partlamanyň Hakkani guramasy we Pakistan bilen baglanyşyklydygyny we üçünji partlamanyň Türkmenistanyň ilçihanasynda planlaşdyrylandygyny bilendigini aýdýarlar. Emma bu habar soňra "Talyban" tarapyndan ret edildi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bolsa, gürrüňi edilýän ilçihanada bu aýdylýan zatlar barada hiç bir maglumatyň ýokdugyny habar berdi.

Gürrüňi edilýän partlamadan öň Kabulda iki adam tussag edildi. Soraglar tussag edilenleriň ikisiniň hem pakistanlydygyny ýüze çykardy, olar şindem "Talybanyň" tussaghanasynda saklanýar diýip, çeşmeler aýdypdyr.

Hindi metbugaty Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasynyň daşynda niýetlenen partlamanyň öňüniň alnandygyny habar berýär.

Kabuldan gelýän ynamdar maglumatlar “Talybanyň” 26-njy awgustda, Kabul howa menzilinde bolan hüjümden soň, Türkmenistanyň ilçihanasynyň golaýynda iki sany pakistanlyny tussag edendigini görkezýär diýip, hindustantimes.com neşiriniň 28-nji awgustdaky habarynda aýdylýar.

26-njy awgustda Kabul howa menziliniň daşynda amala aşyrylan bomba hüjüminde azyndan 13 amerikan esgerini we onlarça owganlyny öldürenden soň, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden “Yslam döwleti-Horasan” toparyndan ar aljakdygyny aýtdy we 28-nji awgustda Nangarhar welaýatyna urlan dron zarbasynda bu toparyň planlaşdyryjysynyň öldürilendigi habar berildi.

Hindi metbugatynyň ýazmagyna görä, şol gün türkmen ilçihanasynyň golaýynda tussag edilen pakistan raýatlarynyň ýanyndan partlaýjy enjamlar tapyldy we bu adamlar “Talybanyň” Bagram türmesinden boşadan tussaglary bilen baglanyşdyrylýar.

Has anygy, habarda Bagram türmesinden boşadylanlaryň azyndan 14 sanysynyň Kerala ýaşaýjylary we “Yslam döwleti-Horasan” toparynyň agzalary bolandygy öňe sürülýär.

Şol bir wagtda-da neşir Türkmenistanyň ilçihanasynyň golaýynda öýde ýasalan partlaýjy enjamy ýarmaga synananda talyplar tarapyndan saklanan pakistanlylar baradaky habaryň heniz tassyklanylmandygyny belleýär.

Owganystandan gelip gowuşýan habarlara görä, zadran puştunlarynyň adatça Jalalabad-Kabul okunda, Pakistan bilen serhetleşýän Nangarhar welaýatynda agdyklyk etmegi bilen, Hakkani guramasy Kabuly öz gözegçiliginde saklaýar. YD-H Nangarhar welaýatynda-da işjeň we mundan öňki ýyllarda Hakkani guramasy bilen bilelikde işledi diýip, habarda aýdylýar.

Türmeden boşadylan 14 keralalynyň biriniň günorta sebitdäki öýi bilen habarlaşandygy, galan 13-siniň şindem Kabulda, YD-H terrorçylyk topary bilen azatlykda gezip ýörendigi çaklanylýar.

“Siriýanyň we Lewantyň yslam döwleti” diýilýän 2014-nji ýylda Mosuly basyp alandan soň, Malappuram, Kasaragod we Kannur etraplarynda ýaşaýan kerallylaryň bir topary Hindistany terk edip, dinsizleriň topragyndan gaçyp gutulmak üçin, Ýakyn Gündogardaky jihadçy topara goşuldy we olara degişli maşgalalaryň käbiri Yslam döwleti Horasany saýalamak üçin Owganystanyň Nangarhar welaýatynda ýerleşdi diýip, hindi metbugaty ýazýar.

Emma “Talybanyň” metbugat wekili Zabyhulla Mujahit bu maglumaty ret etdi we Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasyna hiç bir howpyň abanmaýandygyny aýtdy diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy Şamerdanguly Myrady aýtdy.

Ýatlatsak, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy awgustda ogly Serdar bilen bilelikde Pakistanyň sapara gelen daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi kabul etdi.

Taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär diýip, TDH ýazdy.

Pakistan mediasy şol gün Kureşiniň türkmen prezidenti bilen TOPH, 2 müň çemesi täze iş ornuny döretjek taslamany durmuşa geçirmek barada maslahat edendigini habar berdi.

Şeýle-de ministr, Owganystandaky ýagdaý barada gürrüň edip, Pakistanyň goňşy ýurtlary parahatçylyk ýollaryny tapmak üçin bilelikde tagalla etmäge çagyrýandygyny nygtady.

“Islendik durnuksyzlyk Pakistana we beýleki goňşulara ýaramaz täsir eder” diýip, ol Owganystanyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak üçin goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny çagyrmak pikiriniň edilýändigini hem sözüne goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG