Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjik ministri prezidentiň ýegenleriniň özüni urandygy baradaky habara bir aý soň reaksiýa bildirdi


Täjigistanyň saglyk ministri Jamoliddin Abdullozoda

Täjigistanyň saglyk we ilatyň durmuş goragy ministri Jamoliddin Abdullozoda täjik prezidentiniň üç ýegeni tarapyndan ýenjilendigi baradaky habara bir aýdan soň reaksiýa bildirdi.

Ol hökümetiň “Jumhuriýat” (Respublika) gazetinde 25-nji awgustda çap edilen interwýusynda Emomali Rahmonyň ýakyn garyndaşlarynyň ýüz uran bozgaklygy baradaky habary ne tassyklady, ne-de ret etdi.

Çeşmeler saglyk ministriniň 20-nji iýulda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň üç ýegeni tarapyndan ýenjilendigini habar berdiler. Täjigistan prezidentiniň ýerine ýetiriji edarasynyň ýanyndaky Lukmançylyk merkezinde bolan waka baradaky maglumat birnäçe çeşmä salgylanyp, 26-njy iýulda çap edildi.

Jamoliddin Abdullozodanyň "Jumhuriýat" gazetine beren interwýusynda tassyklamagyna görä, ol özüniň “ýenjilendigi baradaky garaşylmadyk myş-myşlary" Moskwa iş sapary wagtynda, habar serişdelerinden eşidipdir.

“Men aslynda hakyky esas bolmadyk myş-myşlara näme jogap berip bilerin? Bu töhmetleri ýaýradýanlar meniň şol günler iş saparynda bolandygymy we ministrligiň baş edarasynyň mejlislerine onlaýn arkaly gatnaşýandygymy bilýän bolmaly” diýip, Saglyk ministrliginiň başlygy aýtdy.

Azatlyk radiosynyň Täjik gullugynyň, Ozodi radiosynyň çeşmesiniň beren maglumatyna görä, ministr ýenjilenden bir hepde soň agentligiň onlaýn arkaly geçirýän ýygnaklaryna gatnaşyp başlapdyr, ýöne bir gezegem ýüzüni görkezmändir.

Saglyk ministri “Jumhuriýat” bilen geçirilen söhbetdeşlikde özüniň Moskwada anyk haýsy günlerde bolandygyny we rus kärdeşi ýa-da Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň beýleki ýokary derejeli işgärleri bilen nähili gepleşik geçirendigi barada takyk maglumat bermeýär.

Mundan başga, Saglyk ministrliginiň metbugat merkezi hem pudak ýolbaşçysynyň Russiýanyň paýtagtyna eden saparynyň netijeleri barada şu wagta çenli hiç bir wideo ýa-da surat materialyny çap etmedi.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG