Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19 hadysalary gürelýän mahaly, mekdeplerde ýokary synp okuwçylaryň dynç alyşlary uzaldyldy


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda COVID-19 hadysalary ozal görlüp-eşidilmedik derejede gürelýän, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda sapaklar bölekleýin onlaýn tertibe geçirilen mahaly, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň dynç alyş möhleti uzaldyldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagt Aşgabatdan, Mary, Lebap we Balkan welaýatlaryndan habar berýärler.

"Aşgabatda wirus bilen baglanyşykly ýagdaý gaty erbet. Hassahanalara wirus ýokuşan adamlar yzygiderli getirilýär. Her iki adamdan biri kesel diýsek hem bolar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly saglyk işgäri 1-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Paýtagtdaky beýleki bir habarçymyz wirusdan ölýänler görnetin köpelýän mahaly, Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň müdiriniň hem koronawirusdan ýogalandygyny habar berýär.

Çagalary bu mekdepde okaýan aşgabatly ene-atalaryň habarçymyza aýtmagyna görä, mundan birnäçe gün öň mekdebiň bilim resmileri müdir Systsowa Ýelena Konstantinownanyň we onuň ejesiniň koronawirus bilen keselläp, hassahana ýerleşdirilendigini aýtdylar.

"Şu gün irden geçirilen lineýkada Ýelena Systsowanyň ölendigini yglan etdiler. Onuň şol bir mekdepde işleýän ejesi hassahananyň intensiw bejergi bölüminde bejergi alýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ene-atalaryň biri 1-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu barada agzalýan mekdepden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, Mary welaýatynda hem giňden ýaýraýan wirusdan 31-nji awgustda azyndan 60 adam öldi. Bu barada welaýatyň saglyk müdirligindäki çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

"Bu diňe resmi san bolup, olaryň saglyk depderçelerine pnewmaniýadan ýogalandygy ýazylýar. Wirusdan näçe adamyň ölýändigi anyk belli däl, sebäbi syrkawlaryň köpüsi öýlerinde bejergi alýar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Beýleki bir maryly habarçymyz hassahanalarda özleriniň saglygyny barlatmak üçin nobata duran adamlaryň sanynyň örän köpdügini, keselhanalaryň koridorlaryndan geçer ýaly däldigini habar berýär.

"Adamlaryň iki metr aralygy saklamagyna mümkinçilik ýok. Adamlar şeýle kän welin, olar biri-birine örän ýakyn dur" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz wirus bilen keselleýänleriň köpelmegi bilen, dermanhanalaryň öňünde uly nobatlaryň emele gelendigini, ýöne nobata duran adamlaryň köpüsinde dermanlary satyn almaga puluň ýokdugyny hem aýdýar.

"Adamlaryň köpüsi dermanhanalaryň eýelerine öz pasportlaryny goýup gitjekdiklerini aýdyp, olardan dermanlary karzyna bermegi soraýarlar. Dermanlar gymmat we tapdyrmaýar. Ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän adamlar pulsuzlykdan we alaçsyzlykdan näme etjeklerini bilmeýärler. Käbir adamlar özlerine derman ýazylyp berlen kagyza seredip, göz ýaşlaryny saklap bilmeýärler" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz häkimiýetleriň indi hususy eýeçilikdäki azyk dükanlaryny we söwda nokatlaryny hem ýapyp başlandygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, indi diňe döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlary işlemeli. Polisiýa işgärleri hususyýetçilere aýlanyp, olaryň ählisiniň dükanlaryny ýapdyrýar.

Balkan welaýatyndaky habarçymyz hem, sebitde karantin çäreleriniň güýçlendirilendigini, polisiýa işgärleriniň köçelerde maskasyz raýatlary "awlaýandygyny" habar berýär. Maska geýmedik raýatlara 101 manat jerime salynýar.

Mundan başga-da, ýurduň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatyň Türkmenbaşy şäherinde azyk harytlaryny satýan dükanlardan başga, ilata hyzmat ediş nokatlarynyň tas ählisi, şol sanda barlar, kafeler we restoranlar ýapyldy.

Lebapdaky habarçymyz welaýatyň Farap etrabynda karantin çäklendirmeleriniň gaýtadan güýçlendirilendigini aýdýar. Ýatlatsak, 12-nji iýulda karantine alnan etrapda 26-njy awgustdan başlap çäklendirmeler gowşadylypdy.

"30-njy awgustda Farap-Türkmenabat köprüsini ýene ýapdylar. Farap şäherçesine geçmek üçin soňky 72 sagadyň dowamynda edilen testiň negatiw netijesini görkezmeli" diýip, ýagdaýdan habarly lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu habarlaryň arasynda, sebitdäki ynamdar çeşmämiz Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Lebap welaýatdaky bölüminiň baş lukmanynyň tussag edilendigini habar berýär.

"Ol 27-nji awgustda derňew üçin Aşgabada alnyp gidildi. Onuň wirusyň ýaýramagyna garşy ýeterlik çäre görmändigi aýdylýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 1-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk bu barada Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan we onuň Lebapdaky edarasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Habarçylarymyzyň tas ählisi ýurtda ilata döwlet tarapyndan urulýan waksina sanjymlarynyň hem ýetmezçilik edýändigini aýdýar. Ýöne olar käbir tölegli waksinalary bolsa, urduryp bolýandygyny belleýärler. Tölegli waksinalaryň her biri 600 manada barabar. Bu dollaryň resmi kursunda $170, gara bazaryň nyrhynda $17 deňdir.

Türkmenistanda wirus hadysalary görnetin gürelýän mahaly, 1-nji sentýabrda ýurtda täze okuw ýyly başlandy. Ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan boýun almaýan häkimiýetler şu ýyl ÝOJ-larda, orta hünär okuw mekdeplerinde we orta mekdeplerde okuwlaryň nähili tertipde boljakdygyny resmi derejede yglan etmeýärler.

Ýöne Azatlygyň ýurduň dürli künjegindäki habarçylarynyň beren maglumatlaryna görä, ÝOJ-larda okuwlar onlaýn tertipde geçmeli edildi.

Orta mekdepleriň 1-6-njy synp okuwçylary mekdeplerde sapak geçip başladylar. Şol bir wagtda, 7-11-nji synp okuwçylaryň dynç alyş möhleti 1-nji oktýabra çenli uzaldyldy. Adatça mekdep okuwçylarynyň dynç alyşlary iýun aýynyň başyndan 1-nji sentýabra çenli dowam edýär.

Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, ýurduň orta hünär okuw mekdeplerinde hem sapaklara 1-nji oktýabrda başlamaly edildi.

"Häzir 1-nji oktýabrdan başlap orta mekdeplerde sapaklary onlaýn tertipde geçmek barada maslahat edilýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly bilim işgäri aýtdy.

Bu habarlaryň arasynda, Internetiň tizligi boýunça dünýäde iň soňky orunlary eýeleýän we köp ýyllyklaryň dowamynda Interneti berk çäklendirip gelýän Türkmenistanyň bilim pudagyny onlaýn usula geçirmek mümkinçilikleri nämälimliginde galýar.

Ýatlatsak, geçen ýyl pandemiýa sebäpli Türkmenistana dolanan türkmen talyplarynyň ençemesi Azatlyk bilen söhbetdeşlikde ýurtda Internetiň hiliniň juda pesligi sebäpli daşary ýurtlardaky okuwlaryny onlaýn dowam etdirmekde kynçylyk çekýändiklerini gürrüň beripdiler.

Bu habarlaryň arasynda, Marydaky we Lebapdaky habarçylarymyz wirusyň ýokuşmagyndan alada edýän ene-atalaryň köpüsiniň öz çagalaryny mekdebe we çagalar bagyna ibermek islemeýändigini habar berdiler.

"Mekdepleriň girelgelerinde antisanitariýa düzgünleri berk berjaý edilýär. Ähli okuwçylar ellerini dezinfeksiýa bilen arassalamaly. Olaryň ýüzünde hökman maska bolmaly. Her okuwçy aýratyn bir partada oturmaly. Sapaklar gysgaldylan tertipde geçirildi. Muňa garamazdan, 1-nji sentýabrda mekdeplere we çagalar baglaryna baran çagalaryň sany juda az boldy" diýip, maryly bir bilim işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG