Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ABŞ-nyň rus agressiýasyna garşy goldaw berjegini aýdýar 


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ak tamda ukrain kärdeşi Wolodymyr Zelenski bilen duşuşdy. 1-nji sentýabr, 2021.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ak tamda ukrain kärdeşi Wolodymyr Zelenski bilen duşuşdy. 1-nji sentýabr, 2021.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ak tamda ukrain kärdeşi Wolodymyr Zelenski bilen duşuşyp, ABŞ-nyň Kiýewiň arkasynda “rus agressiýasyna” garşy berk durýandygyny nygtady.

"Birleşen Ştatlar rus agressiýasy bilen baglylykda Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we toprak bitewiligini, Ýewro-Atlantik isleglerini goldamaga berk ygrarly bolmagynda galýar” diýip, Baýden 1-nji sentýabrda ukrain prezidentine ýüzlenip aýtdy.

"Biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha güýçlenýär we hatda ol öňküsindenem güýçlener" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma muňa garamazdan, ol Ukrainanyň prezidentine ne NATO agzalygy babatynda anyk ýol-ýoda salgysyny berdi, ne-de öz administrasiýasynyň gündogar Ukrainada Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistlere garşy alnyp barylýan ýedi ýyllyk urşuň soňlanmagyna kömek etjek parahatçylyk gepleşiklerine gönüden-göni gatnaşjakdygyny aýtdy.

Zelenski Ak tama howpsuzlyk meselesine we Ukrainanyň NATO bileleşigine goşulmak isleglerine ünsi jemläp, ara alyp maslahatlaşjak “örän uly gün tertibiniň” bardygyny aýdyp geldi.

"Men prezident Baýden bilen onuň we hökümetiniň Ukrainanyň NATO-a girmek mümkinçiligi we möhleti barada pikir-garaýyşlaryny maslahatlaşmak isleýärin" diýip, ol aýtdy.

Emma Baýden Ukrainany ýaranlyga goşulmaga taýyn bolmakdan uzak diýip hasaplaýandygyny, bu ýurduň entek örän uly özgertmelere mätäçdigini we Russiýanyň onuň NATO agza bolmagyna berk garşy durýandygyny aýtdy.
Muňa derek Baýden Zelenskä korrupsiýa garşy göreşmek we onuň ýurdy üçin gaty zerur reformalary durmuşa geçirmek meselesinde basyş etmäge taýyn bolup göründi.

"Biz ABŞ-nyň Ukrainanyň öz demokratik özgertmeler programmasyny we Ýewropa doly gatylyp-garylmagyyny ilerletmekde nädip mundan aňryk hem goldap biljegini ara alyp maslahatlaşmakçy" diýip, Baýden aýtdy.

Orsýet Ukrainanyň Krym sebitini 2014-nji ýylyň mart aýynda, azyndan 100 ýurt tarapyndan bikanun diýip hasaplanan referendum esasynda ele geçirdi. Şeýle-de, Moskwa 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri gündogar Ukrainada 13200-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan söweşde hökümet güýçlerine garşy durýan separatistleri goldaýar.

Zelenski Birleşen Ştatlaryň togtap galan parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmagyny isleýändigini aýtdy. Bu tagallanyň esasy hyzmatdaşlary, Ukraina we Russiýadan başga, Fransiýa we Germaniýa bolup durýar.
Emma ukrain resmileriniň käbiri Berliniň we Parižiň berýän goldawyna şübheli garaýar we, parahatçylyk gepleşikleriniň täzeden janlanmagy üçin, Waşingtonyň oňa has köp gatnaşmagyny isleýär.

Birleşen Ştatlar parahatçylyk gepleşikleri üçin ýörite wekil wezipesini döretdi, emma bu wezipe 2019-njy ýylyň sentýabr aýyndan bäri berjaý edilmeýär.

Baýden administrasiýasynyň bu wezipäni berjaý etmegine garaşylmaýar diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmisi Azatlyk radiosyna iki prezidentiň duşuşygynyň öňüsyrasynda aýtdy.

Zelenski 2019-njy ýylda geçirilen prezident saýlawynda gündogar Ukrainadaky söweşi bes etmek, ýurtda çuň ornaşan korrupsiýa, şol sanda oligarhlar diýlip atlandyrylýan güýçli telekeçiler toparynyň bikanun täsirine garşy göreşmek, ýurduň kazyýet ulgamyny arassalamak wadalary bilen ýeňiş gazandy.

Zelenski käbir güýçli telekeçileri, hususan-da Orsýet bilen gatnaşygy bolanlary nyşana almaga synanyşan hem bolsa, reforma tagallalary gowşak hasaplanýar we bu ýagdaý günbatar donorlarynyň sabyr-kanagatyny azaldýar.

Şeýle-de, Zelenskiniň Ak tam duşuşygynda ABŞ-dan has köp harby kömek, şol sanda Ukrainanyň deňiz flotuny dikeltmäge kömek soramagyna garaşyldy. Orsýet Krymy ele geçirende, Ukrainanyň deňiz güýçleriniň hem uly bölegini öz gözegçiligine geçirdi.

Birleşen Ştatlar Zelenskiniň Baýden bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda Kiýewe 60 million dollarlyk harby kömegiň beriljekdigini mälim etdi.

Tanklara garşy ulanylýan has kämil raketalary öz içine alýan täze paket, Waşingtonyň Ukraina ýylda berýän 400 million dollarynyň üstüni ýetirýär. Waşington 2014-nji ýyldan bäri Ukraina 2,5 milliard dollardan gowrak serişde berendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG