Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” aýallaryň protestlerini dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy, howa ok atdy


Kabul, 3-nji sentýabr, 2021. Aýallaryň deňlik ugrunda gurnan protesti

“Talyban” söweşijileri Kabulda aýal-gyzlaryň geçiren protestini dargatmak üçin howa ok atdy, göz ýaşardyjy gaz ulandy. 4-nji sentýabrda onlarça aýal owgan paýtagtynyň merkezinde ýygnanyp, özlerine deň hukuk berilmegini talap etdi.

Protest wagtynda azyndan bir aýal ýaralandy. Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideoda ýaralanan aýalyň kellesinden gan akýandygy görünýär.

Owgan aýallary talyplaryň gözegçiligindäki Kabulda yzly-yzyna ikinji gün öz hukuklaryny gorap, deňlik, adalat we demokratiýa talap etdiler. Şuňa meňzeş talaplar esasynda gurnalan ýöriş hepdäniň başynda günbatar Hyrat şäherinde hem geçirildi.

4-nji sentýabrdaky protesti gurnan aktiwistler Kabuldaky prezident köşgüniň golaýynda toplandylar. Olar "Biz 90-njy ýyllaryň aýallary däl" diýen ýazgyly plakatlary ýokaryk galdyrdylar.

Sosial mediada ýerleşdirilen wideoýazgylarda ondan gowrak owgan aýalynyň ýaragly talyplara garşy durýandygy görkezilýär. Aýallaryň üsgürmegi göz ýaşardyjy gazyň ulanylandygyny tassyklaýar. Proteste gatnaşanlaryň birnäçesi özleriniň urlandyklaryny aýtdy.

Talyp liderleri, toparyň yslam taglymatlaryny düşündirişine laýyklykda, aýallaryň hukuklaryna hormat goýjakdyklaryna söz berdiler. "Talybanyň" ýokary derejeli ýolbaşçysy Şer Mohammad Abbas Stanekzaý 31-nji awgustda BBC-ä aýal-gyzlaryň hökümetdäki ýolbaşçy wezipelere bellenjekdigini aýtdy we olaryň belli bir derejede rolunyň boljakdygyny sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG