Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan gapma-garşylygy: Iki tarap hem söweşde ýeňiş gazanýandygyny öňe sürýär


 Ýerli lider Ahmad Massuda wepaly bolan oppozisiýa güýçleriniň bronly tehniklary
Ýerli lider Ahmad Massuda wepaly bolan oppozisiýa güýçleriniň bronly tehniklary

Iki tarap hem, talyplar-da, olara garşy durýanlar-da Owganystandaky talyp gözegçiligine garşy bolan soňky söweşde, Panjşir jülgesindäki täze tutluşykda üstünlik gazandy.

"Talyban" 4-nji sentýabrda Kabulyň 100 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Panjşiriň paýtagty Bazaraga ýakyn gelendigini we birnäçe ugurda öňegidişlik gazandygyny aýtdy.

Medeniýet komissiýasynyň agzasynyň Owganystanyň “Tolo News” habar gullugyna aýtmagyna görä, talyplar Panjşiriň dört etrabyny basyp aldy. Emma Panjşirdäki wakalary bada-bat garaşsyz tassyklatmak mümkinçiligi ýok.

Owganystanyň öňki wise-prezidenti, Milli garşylyk frontynyň agzasy Amrullah Saleh biraz öňki wideo habarynda front güýçleriniň ýagdaýynyň agyrdygyny, ýöne garşy durmagy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Owganystanyň Milli garşylyk frontynyň serkerdesi Tawfikullah Rasik Azatlyk radiosyna soňky söweşde ýedi sany talyp pitneçisiniň öldürilendigini aýtdy.

"Talyban" bu aýdylýanlary ret etdi.

Talyplar 15-nji awgustda Kabuly ele geçireli bäri Milli garşylyk frontynyň söweşijileri bilen ýüzbe-ýüz boldular, ýerli lider Ahmad Massuda wepaly bolan oppozisiýa güýçleri Facebookda Panjşiriň "berk durmagyny dowam etdirýändigini" aýtdylar.

Dowam edýän söweş ýurtda raýat urşunyň turmak ähtimallygy barada duýduryşlaryň eşidilmegine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG