Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

G-20 saglyk ministrleri COVID-19 waksinalarynyň paýlanmagyny maslahat edýärler


Illýustrasiýa suraty

G-20 toparyna agza döwletleriň saglyk ministrleri COVID-19 waksinalarynyň has deň paýlanmagyny gazanmak boýunça özara işleşmäge ylalaşdylar.

Ministler bu barada 5-nji sentýabrda Rimde başlanan iki günlük duşuşygyň çäklerinde mälim etdiler. Maslahatyň dowamynda koronawirus pandemiýasyny jylawlamak boýunça global derejede amal edilmeli nobatdaky ädimler barada gürrüň ediler.

Italiýanyň saglyk ministri Roberto Speranza topar boýunça beýleki kärdeşleriniň “Rim pakty” diýlip hem atlandyrylýan çäreler barada ylalaşmagy üçin şertleriň döredilendigini aýtdy.

“Paktyň esasy maksady waksinalaryň has adalatly paýlanmagyny üpjün etmekden ybarat. Bu waksinanyň bir aýratynlyk däl-de, munuň bir hakdygy baradaky nukdaýnazara esaslanmalydyr” diýip Speranza aýtdy.

G-20 toparynyň ministrler derejesindäki duşuşygynyň maksady hiç kimiň ünsden düşürilmejekdigi barada hyzmatdaşlygy, raýdaşlygy we adalaty hem göz öňünde tutýan berk habary ýetirmekdir diýip, Rimdäki duşuşygyň guramaçylary aýtdylar.

Oktýabryň aýagynda Rimde G20 sammiti hem geçiriler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG