Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG edarasy Türkmenistanda suw resurslaryna agram düşýändigini duýdurýar


Illýustrasiýa suraty. Garagum kanalynyň boýunda geçirilýän bir resmi çäre. Arhiwden alnan surat.
Illýustrasiýa suraty. Garagum kanalynyň boýunda geçirilýän bir resmi çäre. Arhiwden alnan surat.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Azyk we oba hojalyk boýunça edarasynyň täze hasabaty Türkmenistanda we Özbegistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigini duýdurýar.

Guramanyň hasabatyna görä bu ýurtlarda suw resurslaryna çenden aşa agram düşýär.

Howanyň global ýagdaýda ýylamagy oba hojalygynyň önümçilik ulgamlarynyň suw üpjünçiligine ýaramaz täsir ýetirýär. Dünýäniň köp künjeginde ygalyň mukdary we yzygiderliligi üýtgedi, guraklyk we suw joşmalary köpelýär we netijede suw ýetmezçiligi we suw resurslary ugrunda bäsdeşlik artýar diýip, 26-njy awgustda BMG-niň resmi websaýtynda çap bolan hasabatda aýdylýar.

Maglumata görä, dünýä ilatynyň üçden bir bölegi suw ýetmezçiligini başdan geçirýän ýurtlarda ýaşaýar. Şol bir wagtda, dünýä ilatynyň 10 %-i ýiti suw ýetmezçiliginden ejir çekýän ýurtlarda ýaşaýar.

Türkmenistan bilen Özbegistan öz gözbaşyny Hindiguş daglaryndan alyp gaýdýan Amyderýanyň suwuny paýlaşýar.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralary şu ýylyň 26-njy maýynda Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda ylalaşyga gol çekdi.

Türkmenistanda agrar syýasata aýratyn üns gönükdirilýändigini aýdýan türkmen hökümeti ýurduň çäginde suwdan rejeli peýdalanmakda alnyp barylýan anyk işler barada hasabat bilen çykyş etmeýär.

Döwlet metbugaty ýurtda oba hojalyk önümçiliginiň “artdyrylýandygy” barada yzygiderli habar berýär, ýöne artdyrylýan önümçiligiň suw resurslaryna ýetirýän ýaramaz täsirini agzamaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary kärendeçi daýhanlaryň suw, dökün we tehnika ýetmezçiligi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary dogrusynda yzygiderli habar berýär.

Synçylar Türkmenistanyň suw dolandyryş ulgamyna tankydy çemeleşýärler. Daýhanlar käbir suw kanallarynyň, howdanlaryň gyrmança basyp, idegsiz galýandygyny, zeý suwlarynyň netijeli dolandyrylmaýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti beýleki çäreler bilen bir hatarda “Altyn asyr” türkmen kölüniň gurulmagyny, Araly halas etmegiň ganasynyň çäginde alnyp barylýan işleri özüniň ekologiýa aladalarynyň hatarynda görkezmäge synanyşýar.

Türkmenistanda Suw hojalygy boýunça döwlet komiteti hereket edýär. Komitet özüniň esasy wezipesiniň ýurtda “oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga” we beýleki maksatlara gönükdirilendigini aýdýar.

Türkmenistanda 2017-nji ýylda Suw kodeksi güýje girdi.

BMG edarasy Türkmenistanda suw resurslaryna agram düşýändigini duýdurýan mahaly, ýerli daýhanlar Azatlyk Radiosynyň üsti bilen özleriniň suw ýetmezçiligi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny häkimiýetlere eşitdirmäge synanyşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG