Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG hasabatçysy belarus repressiýasy indi ‘begbagtçylykdan beter’ diýýär


BMG-niň ýörite hasabatçysy Anais Marin BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň ýygnagyndan wideoaragatnaşyk arkaly çykyş edýär. Sentýabr, 2020

BMG-niň ýörite hasabatçysy Anais Marin Belarusdaky “aýylganç repressiýa” salgylanyp, ýurtda ynsan hukuklaryny goraýjy toparlara garşy alnyp barylýan basyp ýatyrmalaryň ol ýerdäki hukuk kemsitmeleriň halkara monitoring edilmegine päsgelçilik döredýändigini aýtdy.

Marin 7-nji sentýabrda wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşynda diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň nädip ynsan hukuklaryny goraýjy “Wýasna” toparyny nyşana alýandygy barada gürrüň berdi. Hasabatçynyň Belarusa girmegine rugsat berilmänsoň, “Wýasnanyň” meýletinçileri onuň işleri üçin “möhüm” bolup durýar.

“Häzirki wagtda ‘Wýasnany” nyşana alýan aýylganç repressiýa biziň hukuk kemsitmeler bilen bagly aýyplamalar boýunça şaýat tapmak, repressiýa barada dogry hasabat bermek mümkinçiliklerimize gönüden-göni ýaramaz täsir ýetirýär. Bu tötänlik bolmasa gerek!” diýip, Marin aýtdy.

Iýulyň ortalarynda aktiwistleriň we hukukçylaryň öýleri we iş ýerleri köpçülikleýin dökülende azyndan 10 adam, şol sanda “Wýasnanyň” lideri howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edildi.

2020-nji ýylyň awgustynda geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlary onlarça müň adamyň köpçülikleýin tussag edilmegine, media guramalarynyň ýapylmagyna, kowulmalara we yzarlamalara getiren ozal görlüp-eşidilmedik protestleri tutaşdyrdy. Köp sanly halkara media serişdeleriniň Belarus repressiýasynyň yzyny çalmak tagallalarynda “Wýasna” möhüm rol oýnady.

Marin Wýasnanyň ýolbaşçylarynyň tussag edilmegini “syýasy matlaply” atlandyrdy we tussaglykda wagtlary olara “erbet çemeleşilmeli däldigini” talap etdi.

“Men geçen ýyl Belarusdaky ýagdaýa betbagtçylyk diýip baha berdim” diýip, Marin aýtdy.

“Häzir bolsa, men ýagdaýy düşündirmek üçin söz tapamok. Men ýagdaýyň bu derejede ýaramazlaşyp biljekdigini göz öňüne getrip bilmeýärdim” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG