Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedowlar ykdysadyýetiň ösýändigini, 30 ýerine 56 desganyň işe girizilendigini aýdýar


Serdar Berdimuhamedow hasabat berýär.

Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy sentýabrda ýylyň sekiz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada beren hasabatynda Türkmenistanyň çap edýän ösüş sanlary ýene bir gezek tekrarlandy.

Wise-premýeriň tassyklamagyna görä, şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň mukdary 5,5 göterim ýokarlandy.

Şeýle-de ol bölek satuw haryt dolanyşygynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň 9,6 göterim artandygyny, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 114,5 göterime, çykdajy bölegi bolsa 97,5 göterime deň bolandygyny aýtdy.

Synçylar bu sanlaryň ygtybarlylygyny uzak wagt bäri sorag astyna alýarlar.

Mundan başga, hasabatda ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk hakynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpelendigi aýdyldy, ýöne inflýasiýanyň derejesi, azyk harytlarynyň gymmatlygy we gytlygy, manat nagtlaşdyrmak kynçylyklary, dollaryň gara bazar nyrhy we işsizlik hakynda hiç zat aýdylmady.

Muňa derek, kiçi Berdimuhamedow aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň doly maliýeleşdirilendigini öňe sürdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, koronawirus ýokanjynyň döredýän daşarky täsirlerini inkär etdi we hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim derejede saklanandygyny, şu ýylda 30 sany iri desganyň ýerine 56 desganyň işe girizilendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG