1991-nji ýylyň aýagynda Sowet Soýuzy öz ýaşamagyny bes etdi. SSSR-iň dargamagynyň öň ýanynda, Soýuz respublikalarda özbaşdaklyk hem garaşsyzlyk ugrunda örän köp sanly mitingler bolup geçdi.
Želtoksan, janly zynjyr, Maýdan. SSSR dargamagynyň öňüsyrasynda, respublikalar nädip garşy çykdylar
1
Dekabr wakalary ýa-da Alma-Atadaky (häzir – Almaty diýilýär) Želtoksanda Kremliň merkezleşdirýän hökümetine garşy Sowet Soýuzyndaky ilkinji hem iň uly demonstrasiýalaryň biri boldy. 1986-njy ýylyň 17-18-nji dekabry Gazagystanyň ýaşlarynyň erkinlik ugrundaky göreşi hökmünde taryha girdi. SSSR-iň dargamagyna entek bäş ýyl bardy.
2
Bu waka Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň respublikanyň uzak möhletli lideri Dinmuhamet Kunaýewiň Gazagystan SSR Kommunistik partiýasynyň birinji sekretary wezipesinden boşadylmagyndan öň bolupdy. Kunaýewiň ýerine ozal Russiýanyň Ulýanow oblastynda işlän Gennadiý Kolbin Gazagystana ýolbaşçylyk etmek üçin bellendi. Gazagystana näbelli bir işgäriň bellenilmegi nägilelik döretdi. Müňlerçe ýaşlar paýtagtyň merkezi meýdançasyna çykdylar.
3
Kommunistik partiýa Gazagystanyň ýaşlarynyň hereketlerini "milletçiligiň alamaty" diýip atlandyrdy. Işçileriň we studentleriň çykyşlary rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy.
4
Demonstrasiýany dargatmaga Sowet ýolbaşçylary Russiýadan howpsuzlyk güýçlerini iberdi. Protesti basyp ýatyrmak üçin geçirilen operasiýa "Metel-86" diýlip atlandyryldy.