Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň "ýokary lideri". Mawlawi Haýbatulla Ahundzada barada nämeler mälim?


Molla Haýbatulla Ahundzada, suratyň düşürilen wagty belli däl.

Owgan talyp güýçleri sünni mezhebine uýýan, berk sünni düzgünlerine eýeriji ruhany Mawlawi Haýbatulla Ahundzadany özleriniň ýokary lideri belläp, dartgynly tolgunyşykdan birnäçe hepde geçen hem bolsa, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan henizem ykrar edilmeýän dolandyryşy gurdular. Bu döwürde talyp söweşijileri ABŞ goşunlary we onuň ýaranlary Owganystandan yza çekilmezden ozal ýurduň köp bölegini basyp aldy.

55 ýaşly Mawlawi Haýbatulla Ahundzada ýüzugra bu radikal fundamentalist toparyň ýolbaşçysy boldy. Ol "Talyban" hereketiniň çärýek asyrlyk taryhynda, ikinji lider bolan molla Ahtar Muhammet Mansuryň Pakistanyň günorta-günbatarynda ABŞ-nyň pilotsyz uçary tarapynda öldürilmeginden birnäçe gün soň, ýagny 2016-njy ýylyň maý aýyndan ýolbaşçylyk edip başlapdy.

“[Ahundzada] dini şahsyýet, öz dini ynançlary bilen ýokary hormatdan peýdalanýar. Ol "Talybanyň" ýokary derejeli kazydy hem molla Muhammet Omaryň ynamdar wekillerinden biridi" diýip, owgan žurnalisti Sami Ýusafzaý aýdýar.

Ahundzada köplenç şeýhul-hadys hem diýilýär. Bu sünni mezhebinde Muhammet pygamberiň durmuşy we taglymatlary babatynda ýokary abraýy görkezýän derejedir. "Ol yslam alymy we [dini meseleler boýunça] birnäçe kitabyň awtory" diýip, Ýusafzaý belleýär.

Bilermeniň sözüne görä, 2001-nji ýylyň ahyrynda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky daşary ýurtly ýaranlaryň gatnaşmagy netijesinde "Talyban" režimi ýykylansoň, hereketiň ýolbaşçylary Pakistanyň Bulujystan welaýatynda gaçybatalga gözleýärdiler, Ahundzada hem şolara goşulypdy.

“Geljekki “Talyban” lideri Bulujystanyň welaýat paýtagtynda dini mekdebi – medresäni dolandyrdy. Şonuň üçin ol Kuçlakly Ahundzada ady bilenem tanalýardy, köplenç sebitdäki dürli medreselerde gutardyş dabaralarynda çykyş edýärdi" diýip, Ýusafzaý gürrüň berýär.

Kuçlak merkezi Kwettanyň golaýyndaky kiçijik bir şäherjik bolup, soňky iki onýyllykda “Talybanyň” ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň köpüsiniň gaçybatalgasy hasaplanýar.

"Talyban" tarapyndan soňky beýanatda aýdylyşyna görä, Yslam Emirligi diýlip atlandyrylýan täze hökümetiň strategiki ugruny Ahundzadanyň kesgitlejekdigi aýdylýar.

"Yslam Emirliginiň lideri giňişleýin görkezmeler berdi we ol işleriň jogapkärçiligi barada hemmelere mälim etdi" diýip, günortadaky Gandahar şäherinde "Talyban" liderleriniň arasynda geçen üç günlük maslahat gutarandan soň, ”Talybanyň” metbugat sekretary Zabiulla Mujahid Twitter’de ýazdy.

«Talybanyň» resmi wekili Zabiulla Mujahid Kabulda 7-nji sentýabrda bolan metbugat konferensiýasynda çykyş edýär.
«Talybanyň» resmi wekili Zabiulla Mujahid Kabulda 7-nji sentýabrda bolan metbugat konferensiýasynda çykyş edýär.

"Talyban" ony öňdengörüji lider hökmünde görkezmek isleýäne meňzeýär.

“Daşary ýurt güýçleriniň ählisi biziň ýurdumyzdan çykarylandan soň, biz dünýä bilen, şol sanda ABŞ bilenem gowy gatnaşyk gurmak isleýäris. Şeýle gatnaşyklar özara bähbitleriň çäginde diplomatik, syýasy we ykdysady taraplara eýe bolmalydyr" diýip, ”Talybanyň” metbugat wekili Ahundzadanyň iýul aýynda aýdan sözüni sitirledi.

Hereketi esaslandyryjy molla Omar ýaly, Ahundzada hem 1994-nji ýylda “Talybanyň” dörän ýeri bolan Owganystanyň günortasyndaky Gandahar welaýatyndan. Ol wezipe basgançagyndan basym ýokary çykdy hem öz bilim-düşünjesi arkaly 1990-njy ýyllaryň ahyrynda, “Talybanyň” harby kazyýetiniň baş kazysy wezipesini ýerine ýetiriji bellendi.

Tire-taýpa kökleri, merhum lider Mansur bilen gowy gatnaşygy we dini ygtyýarlyk derejesi 2015-nji ýylda Mansur “Talybanyň” resmi däl ýolbaşçylygyny alandan soň, ony lideriň orunbasary wezipesine ýetirdi.

Uzak dowam eden göreşden soň, Mansur resmi taýdan 2015-nji ýylda "Talyban" lideri diýlip yglan edilipdi, emma de-fakto lideri hökmünde çykyş etdi, sebäbi iki ýyllap Omaryň ölümi baradaky habary gizledi. Omaryň 2013-nji ýylyň aprelinde ölendigi aýdylýar.

“Talybanyň” pozisiýasyny düşündirmäge synanyşýanlardan biri, öňki “Talyban” režiminiň bir resmisi Nazar Muhammet Mutmain Ahundzadanyň täsirli dini şahsyýetdigini, onuň uzak dini çykyşlarynyň bardygyny ýazdy.

"Ol duýgularyna erk edip bilýär, indi “Talyban” oňa öz hatarlaryny agzybirlige getirip biljek ukyply adam hökmünde garaýar" diýip, Mutmain aýdýar.

Ahundzadanyň ýolbaşçylygynda "Talyban" diplomatik we harby ýeňişleri gazandy. Syýasy meseleler boýunça orunbasary molla Abdul Gani Baradaryň ýardamynda, ol ABŞ bilen möhüm şertnama baglaşdy. 2020-nji ýylyň fewralynda Doha şäherinde gol çekilen şol şertnama laýyklykda, ABŞ-nyň goşunlarynyň we ýaran güýçleriniň Owganystandan doly çykarylmagyna ýol açdy.

Ol molla Omaryň uly ogly molla Ýakuby öz orunbasary wezipesine çekmek hem-de “Hakkani torunyň” lideri Sirajuddin Hakkani bilen birlikde hereketiň harby bölüminiň başlygy wezipesine bellemek bilen “Talybanyň” agzybirligini goldady.

"Talybanyň" söweş maşyny Kabuly hem Owganystanyň köp bölegini basyp alandan soň, Ahundzada köp sanly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Owgan aýallary Kabuldaky demonstrasiýa wagtynda, şygarlary we owgan milli baýdagyny galgadýarlar, 2021-nji ýylyň 7-nji sentýabry.
Owgan aýallary Kabuldaky demonstrasiýa wagtynda, şygarlary we owgan milli baýdagyny galgadýarlar, 2021-nji ýylyň 7-nji sentýabry.

Onuň ýolbaşçylygy astynda "Talyban" halkara ykrar edilmegini gazanmaly bolar, içerki çuňlaşýan ykdysady krizisi çözmek, takmynan 38 million owganlyny kadaly dolandyrmak, ýurt içinde parahatçylygy, şonuň bilen birlikde her adamyň abadançylygyny we şahsy azatlygyny üpjün etmek olaryň alnynda durýar.

"Talyban" reformalar barada köp wada berdi, barha artýan talaplaryň fonunda, we söweşijileriň garaşýan pursadynda, toparyň hereketleri içerde we daşary ýurtlarda berk gözegçilikde saklanýan wagtynda, Ahundzada bu herekete ýolbaşçylyk etmeli bolar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG