Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Merkeliň Balkan ýurtlaryna amala aşyrýan hoşlaşyk saparynda ÝB bilen integrasiýa ileri tutulýar


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel

Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň Balkan ýurtlaryna amala aşyrýan hoşlaşyk sapary dowam edýär. Ol 14-nji sentýabrda Tiranada Albaniýanyň premýer-ministri Edi Rama bilen hem-de Ýewropa Bileleşigine agzalyga synanyşýan dört Günbatar Balkan ýurdunyň liderleri bilen duşuşar.

Şu aýyň ahyrynda Germaniýada geçiriljek saýlawlardan soň wezipe möhleti tamamlanýan Merkel Germaniýanyň alty Günbatar Balkan ýurdunyň Ýewropa Bileleşigine goşulmagyny isleýändigini, ýöne bileleşige goşulmak üçin olaryň heniz uzak menzil aşmalydygyny aýtdy.

Merkel bu bellikleri Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen Belgradda geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda aýtdy. Metbugat ýygnagynyň öň ýany geçirilen gepleşikler syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyga hem-de ÝB bilen integrasiýa prosesine gönükdirildi.

Ol Ýewropa Bileleşigine agza döwletler integrasiýa prosesinde öňe gidişlik gazanmaklygyň ÝB-niň “geostrategiki bähbitlerine” doly gabat gelýändigini ýatdan çykarmaly däl diýdi.

Merkel şu wagta çenli gazanylan öňe gidişligi magtady ýöne “kanunyň rüstemligi, demokratiýa we raýat jemgyýetiniň köpdürliligi babatynda mundan beýläk görülmeli çäreler” babatynda höweslendirdi.

Alty Balkan ýurdy onlarça ýyl bäri Ýewropa Bileleşigine agzalyga synanyşýar. Ýöne bileleşigiň çäk giňeltmäge bildirýän gyzyklanmalary gowşady. Sebit ýurtlarynyň oktýabrda geçirjek sammiti giňemek prosesine gaýtadan badalga berilmegini maksat edinýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG