Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus-belarus harby türgenleşikleriniň fonunda Polşa, Baltika ýurtlary howpsuzlygy maslahat edýär


"Zapad-2021" harby türgenleşiklerinden bir pursat. 12-nji sentýabr.

Russiýa we Belarus giň gerimli harby tälim-türgenleşik geçirýän wagty, Baltika ýurtlarynyň hem-de Polşanyň daşary işler we goranmak ministrleri häzirki zaman we gibrid howplara garşy bilelikdäki jogaby maslahatlaşmak üçin duşuşdy.

13-nji sentýabrda Rigada geçirilen duşuşykda dört ýurt “Zapad-2021” harby türgenleşiklerine garşy we Belarusyň bikanun migrantlary serhet ýakalarda "ýarag hökmünde ulanmagyna” garşy ÝB-niň hem-de NATO-nyň agyz birikdirmegine çagyrdy.

Polşa, Latwiýa we Litwa şu tomus goňşy Belarusdan göçüp gelýän migrantlaryň köpelýändigine şaýat boldy. Bu ýurtlar migrant tolkunynyň sanksiýalardan we oppozisiýa bildirilýän goldawdan ar almak üçin diýdimzor Aleksandr Lukaşenka tarapyndan gurnalýandygyny aýdýarlar. Migrantlaryň aglabasy Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan, hususan-da Yrakdan geldi.

“Biz diňe bir öz milli serhetlerimizi däl, eýsem, Ýewropa Bileleşiginiň serhedini hem goraýandygymyzy bilýäris” diýip, Polşanyň daşary işler ministri Zbiginew Rau duşuşykda aýtdy.

Estoniýanyň daşary işler ministri Ewa-Maria Liimets “Zapad” harby türgenleşikleriniň “sebitde çynlakaý howpsuzlyk aladalaryna” sebäp bolýandygyny aýtdy.

9-16-njy sentýabr aralygynda Russiýanyň we Belarusyň birnäçe sebitinde geçirilýän harby türgenleşiklere iki ýurtdan 200 müň töweregi harby gatnaşýar.

13-nji sentýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Nižny Nowgorod sebitinde geçirilen harby türgenleşiklere gözegçilik etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG