Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaagada Kosowa uruş jenaýatlary boýunça ilkinji sud diňlenişigi başlanýar


Salih Mustafa

15-nji sentýabrda Niderlandlarda 1998-99-njy ýyllardaky Kosowo urşunyň dowamynda etnik alban separatistleriniň amal edendigi aýdylýan jenaýatlaryny derňemek boýunça esaslandyrylan ýörite sudda ilkinji işe seredilýär.

Munuň bilen baglylykda, 1999-njy ýylyň aprelinde paýtagt Pristinanyň gündogaryndaky Zllaş obasynda “Kosowanyň Azat ediş Armiýasy” atly düzümiň komandiri Salih Mustafa garşy tussaglary öldürmek, gynamak, olara ýowuz daraşmak, suduň karary bolmazdan tussag etmek boýunça aýyplamalar bildiriler.

49 ýaşly Mustafa özüniň günäsizdigini aýdýar.

Ol geçen ýyl Kosowanyň Goranmak ministrliginde maslahatçy bolup işleýän döwri tussag edildi.

Bu 2015-nji ýylda Gaaganyň sudunda esaslandyrylan Kosowa boýunça bilermenler palatasynda serediljek ilkinji iş bolar. Bu palata etnik alban jeňçileri bilen serb güýçleriniň arasyndaky urşuň dowamynda “Kosowanyň Azat ediş Armiýasy” düzüminiň agzalarynyň uruş jenaýatlaryny we adamzada garşy jenaýatlary amala aşyrandygy baradaky aýyplamalary derňemek üçin esaslandyrylypdy.

ÝB-niň howandarlygyndaky sud Kosowanyň kanunlaryna laýyklykda geçirilýär. Emma şaýatlaryň gorkuzylmagynyň öňüni almak maksady bilen, diňlenişigiň özi Niderlandlarda geçýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG